Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dragon Oil” önümçiligi tas iki esse artdyrmagy, Türkmenistanda täze ösüşleri göz öňünde tutýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Dragon Oil” 2020-nji ýyldaky kynçylyklardan aman galandan soň, Türkmenistanda, Yrakda we Müsürde täze ösüşleri göz öňünde tutýar diýip, “Dragon Oil-iň” baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwany aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň nebit we gaz gözleg, ösüş we önümçilik kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň eden bu çykyşy barada “Emirates News Agency” neşiri 19-njy sentýabrda maglumat çap etdi.

"Dragon Oil-de, biz bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda, Yrakda we Müsürde täze mümkinçilikleri açmak arkaly durnukly ösüş maksatlarymyza ýetmegi ýüregimize düwdük. Geňeş biziň üçin 2026-njy ýyla çenli önümçiligi günde 160 müň barrelden 300 müň barrele çenli ýokarlandyrmak barada strategiýa düzdi” diýip, Ali Raşid Al Jarwany belledi.

Şeýle-de, ol ýakynda "Dragon Oil" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şertnamasyny goşmaça 10 ýyl möhlet bilen uzaldandygyny we munuň umumy bahasynyň 400 million amerikan dollaryna barabardygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Habarda şertnamanyň ozalky möhletiniň 2025-nji ýylda tamamlanýandygy nygtalýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy Hazaryň türkmen böleginiň we onuň kenar ýakalarynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek işlerinde köp ýyllaryň dowamynda önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyk esasynda işleýär.

Şeýle-de, kompaniýanyň “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” aýrybaşga kompaniýasy “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny özleşdirýär. Bu ýerde şeýle hem deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işlere 7 milliard amerikan dollary möçberinde serişde gönükdirildi.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistan özüniň nebit we gaz senagatyna maýa goýumlaryny çekmek üçin halkara maýa goýum forumyny geçirdi. "Trend" neşiri ýurduň "Nebit-Gaz" elektron gazetine salgylanyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň bu forumyň bürünç hemaýatkärlerinden biri hökmünde saýlanandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG