Wladimir Putin dördünji gün eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky ýörite operasiýalarynyň barşynda entek çynlakaý çäre görmändigini aýtdy.
“Bu günki gün biz özümizi söweş meýdanynda ýeňmek isleýändiklerini eşidýäris. Muňa näme diýip bolar, goý, synanyp görsünler. Biz Günbataryň biz bilen soňky ukrainala çenli söweşmek isleýändigi barada köp eşitdik. Bu ukrain halky üçin betbagtçylyk, ýöne hemme zat şoňa syrygýan ýaly” diýip, Putun Döwlet dumasynyň fraksiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda aýtdy.
Putiniň aýtmagyna görä, hemmeleriň düşünmegi gerek, Russiýa "uly hasap boýunça entek hiç bir zady çynlakaý başlamady". Şol bir wagtyň özünde, onuň sözlerine görä, Moskwa parahatçylyk gepleşiklerinden ýüz öwürmeýär. "Emma [gepleşik geçirmekden] ýüz öwürýänleriň bilmegi gerek, näçe uzaga çekdikleriçe, olar biz bilen gepleşik geçirmegiň özleri üçin şonça-da kyn boljakdygyny bilmelidir" diýip, döwlet baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.
Wladimir Putin kanun çykaryjylar bilen bolan duşuşygyň dowamynda Russiýa garşy girizilen sanksiýalary başlanlaryň öz maksatlaryna ýetmändiklerini aýtdy.
“Russiýa garşy girizilen bikanun çäreler bize kynçylyk döredýär. Bu aýdyň bir hakykat. Emma Russiýa garşy ykdysady blitskriegiň inisiatorlarynyň umyt edýän zatlary asla ýok, bolmady” diýip, Putin belledi.
Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak bu ýerde "kollektiw Günbataryň" hiç bir meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy. Bu ýerdäki ýeke-täk meýilnama “şäherleri oka tutmak we asuda adamlary öldürmek bilen özygtyýarly Ukraina giren rus goşunynyň meýilnamasy. Galan zatlaryň ählisi ýöntem propaganda” diýip, Podalýak twitterde aýtdy.