Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Putin, Zelenski bilen Ukrainanyň däne eksporty barada maslahat etdi

Türkiýe, Garasu porty, 3-nji iýul, 2022.  Däne ýükli rus gämisi. Ukrain resmileri bu dänäniň basylyp alnan Berdýansk portundan alnyp gidilendigini  aýdýar.
Türkiýe, Garasu porty, 3-nji iýul, 2022. Däne ýükli rus gämisi. Ukrain resmileri bu dänäniň basylyp alnan Berdýansk portundan alnyp gidilendigini aýdýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 11-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen aýry-aýrylykda telefonda gürleşip, ukrain galla eksporty barada maslahat etdi.

Ukraina we onuň ýaranlary Ukrainanyň Gara deňiz portlarynyň açylmagy ugrunda tagalla etdiler.

Kiýew bu portlaryň Russiýanyň gabawy sebäpli ýapylandygyny aýtdy. Günbatar ýurtlary ukrain portlarynyň gaýtadan açylmagy, hususan-da öz ilatyny naharlamak üçin ukrain bugdaýyna garaşly bolan Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna iberilýän galla ýükleriniň ýolunyň açylmagy baradaky talaplaryny güýçlendirdiler.

“Anadolu” habar gullugynyň türk hökümetiniň resmi maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Erdogan Putine BMG-niň däne eksporty üçin Gara deňizde howpsuz koridorlary döretmek meýilnamasyna laýyk çäre görmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Zelenski twitterde Erdoganyň galla eksportyny dikeltmekde beren goldawyna ýokary baha berýändigini belledi we Russiýanyň basylyp alnan ýerlerdäki ukrain dänesini almagyny bes etmelidigini ýatlatdy.

Galla meselesinde araçy bolmagy teklip eden Erdogan bu ýagdaýy Putin bilen hem maslahatlaşdy.

Kreml iki lideriň ykdysady hyzmatdaşlygy we ýakyn wagtda “iň ýokary derejelerde” meýilleşdirilýän "rus-türk duşuşygyny" ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy, goşmaça maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG