Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On üç rus raketasy merkezi Ukraina zarba urdy, azyndan üç adam öldürildi

Ukrain häkimiýetlerine görä, Kirohowrad sebitiniň paýtagty bolan Kropywnytskiý deňizden atylan sekiz sany “Kalibr” ganatly raketalary bilen hem-de uçardan atylan bäş sany “Kh-22” uzak aralyk raketalary bilen nyşana alyndy.
Ukrain häkimiýetlerine görä, Kirohowrad sebitiniň paýtagty bolan Kropywnytskiý deňizden atylan sekiz sany “Kalibr” ganatly raketalary bilen hem-de uçardan atylan bäş sany “Kh-22” uzak aralyk raketalary bilen nyşana alyndy.

23-nji iýulda irden Ukrainanyň merkezi Kirohowrad sebitinde harby howa meýdançasyna we demirýol infrastrukturasyna on üç sany rus raketasy zarba urdy, azyndan üç adam öldürildi diýip sebit häkimi aýtdy.

“Dokuz ukrain gullukçysy ýaralandy we bir gullukçy öldi. Başda, elektrik podstansiýasynyň iki garawuly öldürildi” diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň başlygy Andriý Raikowyç aýtdy.

Sebit paýtagty bolan Kropywnytskiý deňizden atylan sekiz sany “Kalibr” ganatly raketasy bilen hem-de uçardan atylan bäş sany“Kh-22” uzak aralyk raketalary bilen nyşana alyndy diýip, Raikowiç Telegramda ýazdy.

Bir etrapça toksuz galdy. Halas edijiler zyýan çeken sebitlerde işleýärler diýip, resmi sözüniň üstüni ýetirdi.

Günorta Herson sebitinde soňky 48 sagadyň dowamynda agyr söweşler barýar, ol ýerde ukrain goşunlary rus güýçlerine garşy hüjümi dowam etdirýärler diýip, Britan harby aňtawy 23-nji iýulda aýtdy.

Hasabatda rus güýçleriniň Ingulets derýasynyň ugry boýunça artilleriýa oklaryny ulanýandyklaryny aýtdy. “Rus güýçleriniň derýanyň günbataryndaky üpjünçilik liniýalary barha howp astyndadyr” diýip, Britaniýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

XS
SM
MD
LG