Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň baş prokurory Türkmenistana sapar etdi

Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow
Russiýanyň baş prokurory Igor Krasnow

Russiýanyň baş prokurory 27-nji iýulda Türkmenistana sapar edip ýokary derejeli türkmen resmileri bilen gepleşik geçirdi. Bu barada “MIR 24” neşiri habar berýär.

Malgumata görä, Igor Krasnow Türkmenistanyň goranmak ministri, Howpsuzlyk geňeşiň sekretary Begenç Gündogdyýew, şeýle-de baş prokurory Serdar Mälikgulyýew bilen gepleşik geçiripdir.

Krasnow Gündogdyýew bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerini, Mälikgulyýew bilen bolsa Kaspiniň goragyny we iki ýurduň kanun goraýjy gulluklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada maslahat edipdir.

Türkmen metbugatynda rus prokurorynyň sapary barada maglumat ýok.

Türkmenistana saparyndan öň, Krasnow Täjigistanda hem boldy.

Rus resmisiniň Aşgabada sapary, Russiýanyň Ukraina garşy esassyz çozmagyndan soň, Günbataryň Moskwanyň bu hereketini ýiti ýazgaryp, halkara sanksiýalary girizmeginiň arasynda amala aşyryldy.

Türkmen häkimiýetleri Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina çozmagy bilen baglylykda, häzirlikçe resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

XS
SM
MD
LG