Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda sarp edilýän azyk önümleriniň 40% -i Gazagystandan getirilýär

Şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana getirilen azyk önümleriniň 37,9 göterimi Gazagystandan import edildi diýip, Döwlet statistika komiteti habar berýär.

BMG-nň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň maglumatyna görä, Özbegistan ýurduň içinde sarp edilýän bugdaýyň takmynan 35% -ini import edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän bugdaýyň esasy bölegi Gazagystandan satyn alynýar.

Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy bilen baglylykda dörän galla ýetmezçiligi sebäpli, 15-nji aprelden bugdaý we un eksportynyň degişlilikde üç aýlap 1 million tonna we 300,000 tonna çenli çäklendiriljekdigini habar berdi.

Gazagystanyň bugdaý we un eksportyny çäklendirmek barada gelen karary Özbegistanyň içerki azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin daşary ýurtlardan, hususan-da Gazagystandan 600 000 tonna däne satyn almak meýilnamasyny yglan eden wagtyna gabat geldi.

Daşkent 4-nji aprelde aprel bilen iýul aralygynda Gazagystandan 100,000 tonna bugdaý satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Statistika edarasy ýurduň azyk bazaryna getirilýän önümleriň 25,6 göteriminiň Russiýadan, 11,9 göteriminiň Braziliýadan, 4,3 göteriminiň Belarusdan, 2,9 göteriminiň Pakistandan we 17,4 göteriminiň beýleki ýurtlardan gelýändigini resmi taýdan mälim etdi.

Şu aralykda Özbegistan, ýanwar-iýun aýlarynda tas 450 million dollarlyk önümi, 821,000 tonna miwe we gök, bakja önümlerini eksport etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104 müň tonna köp diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG