Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pelosi ABŞ-nyň Taýwan demokratiýasyny gorap saklamaga ygrarlydygyny aýdýar


Nensi Pelosi çärýek asyryň içinde Taýwana sapar eden ilkinji spiker boldy.
Nensi Pelosi çärýek asyryň içinde Taýwana sapar eden ilkinji spiker boldy.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň başlygy Nensi Pelosi 3-nji awgustda Taýwanyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Taýwany öz territoriýasy diýip yglan edýän Hytaýyň görkezýän garşylygyna garamazdan, Waşingtonyň öz-özüni dolandyrýan adanyň öňündäki borçnamalaryndan ýüz öwürmejekdigini aýtdy.

"Häzirki wagtda dünýä demokratiýa bilen awtokratiýanyň arasynda, olardan haýsam bolsa birini seçip almak meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Pelosi Taýwanyň prezidenti Tsaý Ing-wen bilen bolan duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.

"Amerikanyň Taýwanda we bütin dünýäde demokratiýany gorap saklamak baradaky aýgytlylygy üýtgewsiz bolmagynda galýar" diýip, ol aýtdy.

Pelosi 3-nji awgustda irden Taýwanyň kanun çykaryjy wekilleri bilen duşuşdy.

Pekin bu sapara jogap hökmünde adanyň töwereginde birnäçe harby türgenleşigi yglan etdi we delegasiýa 2-nji awgustda Taýwanyň paýtagty Taýpeýe gelenden soň birnäçe berk beýanat etdi.

Taýwany öz diýeninde durýan we zerur bolan halatynda güýç bilen anneksiýa edip boljak sebit hasaplaýan Hytaý ABŞ resmileriniň Taýwan bilen edýän gatnaşyklaryna adanyň onlarça ýyllyk de-fakto garaşsyzlygyny hemişelik etmek üçin berilýän meçew hökmünde garaýar. ABŞ resmileri bu tassyklamany ret etdiler.

Pelosiniň sapary, Wekiller öýüniň lideri derejesindäki ýokary wezipesi sebäpli, ABŞ-Hytaý dartgynlygyny güýçlendirdi.

1997-nji ýylda Nýut Gingriçiň eden saparyndan bäri, Pelosi çärýek asyryň içinde Taýwana sapar eden ilkinji spiker boldy.

XS
SM
MD
LG