Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro agentliginiň başlygy Ukrainanyň ýadro desgasyndaky ýagdaýyň “gorkulydygyny” aýdýar

 Rafael Grossi
 Rafael Grossi

BMG-niň Ýadro gözegçiligi edarasynyň başlygy öz agentliginiň resmilerine, bu ýeriň golaýynda bolan söweşlerden soň, Ukrainanyň Zaporižýadaky ýadro desgasyny gözden geçirmäge çaltdan-çalt rugsat berilmelidigini aýtdy.

Halkara Atom energiýasy agentliginiň baş müdiri Rafael Grossi BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň geçiren gyssagly ýygnagynda çykyş edip, ýadro gözegçiligi gullugynyň gözegçileriniň Zaporižýa şäherindäki missiýasyny amala aşyrmagyna mümkin boldugyça çalt rugsat berilmelidigini aýtdy.

"Bu çynlakaý pursat, gaty wajyp pursat" diýip, ol 11-nji awgustda aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hem bu ýagdaýyň global gyzyklanma döredýändigini duýdurdy.

“Başga hiç bir ýurt ýadro desgasyny şunuň ýaly görnetin dünýä wehim salmak üçin ulanmady” diýip, ol gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Zaporižýa [atom elektrik stansiýasyndan] basybalyjylary kowup çykarmak üçin dünýädäki her bir adam reaksiýa bildirmeli" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Howpsuzlyk geňeşine aýtdy we Waşingtonyň Halkara ýadro energiýasy agentliginiň Ukraina missiýasy ideýasyny goldaýandygyny, bu meselede “mundan beýläk garaşylyp bilinmejekdigini” nygtady.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa bu desgada we onuň golaýynda barýan söweşlerde ukrain güýçlerini günäkärledi we hüjümleriň ählisiniň bes edilmegine çagyrdy.

Iki tarap hem ýadro desgasynyň töweregindäki hüjümleriň möwjemeginde bir-birini günäkärleýär.

XS
SM
MD
LG