BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 17-nji awgustda Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherine geldi we şu gün Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşar.
Guterriş Russiýanyň Zaporižiýada basyp alan ýadro desgasyndaky howpsuzlyk ýagdaýy we Kremliň Ukrainada alty aýa golaý wagt bäri alyp barýan urşuny togtatmagyň mümkin bolan ýollary barada maslahat eder.
Şeýle-de, BMG-niň başlygy 19-njy awgustda Ukrainanyň Gara deňiz portuna baryp görer. Bu ýerde golaýda Russiýanyň çozuşy sebäpli arasy kesilen galla eksporty täzeden ýola goýuldy.
Guterriş we halkara jemgyýetçiligi, soňky bir hepde içinde bolan top atyşygy we beýleki howplar baradaky habarlaryň arasynda, Ýewropanyň iň uly ýadro elektrik stansiýasynda dörän betbagtçylyk töwekgelçiligine çuňňur alada bildirdi.