Russiýanyň Harkowyň golaýynda Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň gubernatory 19-njy awgustda, ok-däri ammarynda ýangyn turandan soň, iki obanyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. Häkim Wýaçeslaw Gladkow Telegramda 18-19-njy awgust gijesinde bolup geçen wakada hiç kimiň ýaralanmandygyny ýazdy. Şeýle-de, ol ýangynyň sebäbiniň derňelýändigini aýtdy.
Gladkow bir gün ozal ýerli ýaşaýjylara serhet ýakasynda tapylan ýer minalaryndan ägä bolmak duýduryşyny beripdi. Ol minalaryň, aýdylmagyna görä, bu sebit ukrain güýçleri tarapyndan topa tutulanyndan soň tapylandygyny aýtdy.
Bu habarlary garaşsyz şertlerde barlamak, tassyklatmak mümkinçiligi bolmady.
Harkowyň töweregindäki aldym-berdimli söweşler birnäçe gün bäri dowam edýär.
18-nji awgustda Harkow sebitine atylan rus toplary netijesinde 17 sany ukrain raýaty öldürildi, 42 adam ýaralandy diýip, sebitiň gubernatory Oleh Sinýehubow Telegramda ýazdy. Ol bu hüjümi “terrorçylyk” diýip häsiýetlendirdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Harkowyň topa tutulmagyny "asuda ilata edilýän namart, bihaýa we hiç bir jähtden aklap bolmajak hüjüm” diýip atlandyrdy.
Russiýa parahat ilaty nyşana alandygyny inkär edip, 18-nji awgustda Harkow sebitinde bolan hüjümleriň “takyk ýarag” bilen amala aşyrylandygyny we “daşary ýurtly hakyna tutma söweşijileriň wagtlaýyn bazasyny” nyşana alandygyny aýtdy.