Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň ideology Duginiň gyzy, awtoulag partlamasynda öldürildi

20-nji awgustda ulag partlamasynda aradan çykan Darýa Dugina. Ol kakasy Aleksandr Duginiň ýolbaşçylygyndaky Halkara Ýewraziýa hereketiniň syýasy kommentatorydy.
20-nji awgustda ulag partlamasynda aradan çykan Darýa Dugina. Ol kakasy Aleksandr Duginiň ýolbaşçylygyndaky Halkara Ýewraziýa hereketiniň syýasy kommentatorydy.

Rus metbugatynyň habaryna görä, Russiýanyň Ukraina çozmagynyň esasy ideologlaryň biri bolan Kremle bagly milletçi ideolog Aleksandr Duginiň gyzy, 20-nji awgustda Moskwa sebtinde sürüp barýan awtoulagy partlap öldi.

TASS döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, Russiýanyň Derňew komiteti 30 ýaşly Darýa Duginanyň awtoulagynda partlaýjy enjamyň oturdylan bolmagyny çak edýär.

"Derňewçileriň bellemegine görä, 20-nji awgustda sagat 21: 00-da Bolşiye Wýazemy obasynyň golaýyndaky Odintsowo etrabynda, "Toyota Land Cruiser" [ulagynda] gurlan partlaýjy enjam, ýoldan sowuldy we yzýany ýandy, zenan sürüji wakanyň bolan ýerinde öldi. Merhumyň şahsyýeti anyklanyo, onuň žurnalist we syýasy analitik Daria Duginadygy kesgitlendi" diýip edaranyň maglumatynda aýdyldy.

Dugina kakasynyň ýolbaşçylygyndaky Halkara asewraziýa hereketiniň syýasy kommentatorydy.

Gurama ne-asewraziýa ideologiýasyna eýerýär - rus watançylygynyň, prawoslaw dininiň we anti-modernizmiň garyndysy. Gurama liberalizm, kapitalizm we modernizm ýaly günbatar gymmatlyklaryna garşy.

Dugin maşgalasynyň şahsy tanyşy Andreý Krasnow partlan awtoulagyň Darýa Duginanyň kakasyna degişlidigini TASS-a aýtdy. Krasnow partlamanyň hakyky nyşany Dugin diýip, ynanýandygyny belledi.

Ukrainanyň Donetsk sebitinde Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň lideri Denis Puşilin hem Duginiň partlamanyň nyşanydygyna ynanýandygyny aýtdy we Kiýewi günäledi.

Dugin, aşa sagçy rus ýazyjysy we ideology, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagynyň binagäri ýa-da "ruhy gollanmasy" hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine täsir edýändigi çak edilýär we "Putiniň beýnisi" hökmünde häsiýetlendirilýär.

Mart aýynda ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň Daşary ýurt emläklerine gözegçilik gullugy Duginany UWI web sahypasyndaky makalada goşan goşandy üçin sanksiýa sezewar etdi. Duginanyň redaktorlygyndaky neşir Ukrainanyň NATO kabul edilse, "ýok boljakdygyny" ýazdy.

XS
SM
MD
LG