Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň senagat sebitinde ýangyn döredi


20-nji awgustda Farabyň senagat desgalarynyň ýerleşýän ýerinde dörän ýangynyň yzysüre, ýiti ysly gara reňkdäki tüsse asmana göterilip başlady.
20-nji awgustda Farabyň senagat desgalarynyň ýerleşýän ýerinde dörän ýangynyň yzysüre, ýiti ysly gara reňkdäki tüsse asmana göterilip başlady.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde ýangyn döredi. Ýangynyň döremegine tehniki howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmezliginiň we güýçli ýeliň sebäp bolandygy aýdylýar. Ýangynyň dörän ýerinden asmana göterilen gara reňkdäki tüsse şäheriň iň çetki böleginden hem göründi. Bu waka barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, ýangyn 20-nji awgustda sagat 16:00 töwereginde senagat desgalarynyň ýerleşýän ýerinde döredi. Ýangynda gämi duralgasynyň golaýynda ýerleşýän toliol öndürýän desgada üç wagon mazut ot aldy. Bularyň demirýol arkaly mazut daşamaga niýetlenen ýörite wagonlardygy aýdylýar.

"Ýiti ysly gara tüsse asmana ýokarlanyp, ýeliň demirgazykdan gündogara öwüsýän ugruna tarap, asmany gurşap aldy. Bu tüssäni şäheriň ähli ýerinden diýen ýaly görüp bolýar. Farap etrabynyň we şäheriniň ähli ýangyn söndürijileri çyralaryny ýakyp, howlukmaç ýangynyň bolan ýerine ugraýar" diýip, tüsse asmana göterilip başlandan soňra maglumat beren habarçymyz aýtdy.

Ýurduň gündogar welaýatynyň senagat desgalarynyň ýerleşýän ýerinde bolan ýangyn we oňa nämäniň sebäp bolandygy barada resmi maglumat ýok. Bu barada adatça bolşy ýaly döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne habarçymyz ýangyna şaýat bolan çeşmelerimize we ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, onuň döremegine tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň we güýçli ýeliň sebäp bolandygyny aýdýar.

"Mazudy gyzdyrmak islediler. Güýçli ýel alawy ýaýratdy we uly ýangyn başlady" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçymyz ýangyny öçürmek üçin Türkmenabat şäherinden hem 20-den gowrak ýangyn söndüriji ulagyň iberilendigini aýtdy. Onuň maglumatyna görä, Türkmenabadyň demir ýol ammaryndan hem goşmaça ýangyn söndürijiler iberildi.

"Nebit önümleri ot alanda, olary öçürmek aýratyn ussatlygy we ýörite düzümli garyndylary talap edýär. Nebit önümleri esasan demirýol liniýalary arkaly daşalýar we Türkmenabadyň demir ýol ammaryndan iberilen goşmaça ýangyn söndürijilerde köpük ýa-da poroşok görnüşinde ýörite garyndylaryň bardygy çaklanylýar" diýip, habarçymyz ýangyny söndürmek işiniň iki-üç sagat dowam edendigini belledi.

Onuň sözlerine görä, wakada adam pidalarynyň bolandygy ýa bolmandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Ýöne ýangynyň bolan ýerine ençeme tiz kömek ulagy hem iberildi.

Azatlyk ýangynyň netijelerini we ýetiren zyýanyny anyklap bilmedi. Azatlyk bu barada Farap etrap we şäher häkimlikleri, şeýle-de, Lebap welaýat häkimligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 22-nji awgustda giçlik sagat 5-e çenli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Resmi metbugatda Türkmenistanda şu ýyl ýangyn howply möwsümiň 1-nji maýda başlanandygy we 1-nji oktýabra çenli dowam etjekdigi habar berildi. Şeýle-de, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji maýda geçirilen mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedow tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Hökümet ýurtda ýangyn howply möwsümi yglan edip, tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmäge çagyryş etse-de, ýurtda bolýan tokaý ýangynlary, senagat desgalarynda we ýaşaýyş durmuş maksatly binalarda bolýan ýangynlar barada habar bermeýärler. Bu baradaky statistiki maglumatlar hem ilat köpçüligine aç-açan aýan edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary esasan hem tomus aýlarynda ýüze çykýan, käte adam pidalaryna getirýän ýangyn hadysalary barada dowamly maglumat berýärler. 31-nji iýulda Türkmenabadyň merkezinde toý salony ýanan bolsa, 15-nji iýunda Aşgabadyň etegindäki obada ýangynyň dörändigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG