Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marydaky nägilelikden soň, häkimiýetler telekeçilere lotereýa oýnuny gurnamagy gadagan edýär


Türkmenistandaky bazarlaryň birinde
Türkmenistandaky bazarlaryň birinde

Mary welaýatynda müňlerçe adam söwda merkezi tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirenden soň, sebitiň häkimiýetleri telekeçilere lotereýa oýnuny gurnamagy gadagan edip başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berdi.

"19-njy awgustda irden polisiýa işgärleri Mary şäheriniň bazarlaryna aýlanyp, telekeçilere aksiýa ýa-da lotereýa oýnuny gurnamagyň gadagandygyny aýtdylar. Şeýle-de, Marydaky hususy dükan eýelerini hem şäher polisiýa müdirligine çagyryp, olar bilen ýygnak geçirdiler. Bu ýygnakda dükan eýelerine hem, indiden beýläk hiç hili ýagdaýda aksiýa ýa lotereýa oýnuny geçirmezlik tabşyryldy" diýip, ýygnaga gatnaşan ýerli telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu waka şäheriň "Belent" söwda merkeziniň daşynda üýşen müňlerçe adamyň söwda nokady tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. 15-nji awgustda nägileligi köşeşdirip, köpçüligi dargatmaga çalşan howpsuzlyk işgärleri bilen adamlaryň arasynda goh-galmagal turdy. Basa-baslykda ene-atalaryň çagalaryny tapyp bilmeýän halatlary-da boldy. Raýatlara garşy güýç ulanan howpsuzlyk işgärleri onlarça adamy tussag etdiler.

Telekeçileriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, ýygnaga polisiýa işgärlerinden başga-da, özlerini tanyşdyrmakdan saklanan raýat geýimli adamlar hem gatnaşdy. Olar telekeçilerden dükanlaryň girelgelerindäki lotereýa reklamalaryny aýyrmagy we başga dükanlara ugradan aksiýa harytlaryny yzyna çöplemegi hem talap etdiler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýa müdirligine çagyrylan telekeçileriň aglabasy özleri aksiýa oýnuny gurnamasa, onda öz harytlaryny tas hiç kimiň satyn almaýandygyny we söwdanyň juda pes bolýandygyny aýdyp, polisiýa işgärlerinden häzirki çäklendirmäniň sebäbini sorady.

"Käbir telekeçiler 'Meniň aksiýam hiç bir adama zyýan getirmedi. Iň bolmanda, içinden 5 manat pul çykýar, käte-de papak çykýar. Içinde boş çykýanam bar' diýdi. Olaryň käbirleri bolsa, 'Biz eýýäm aksiýa diýip, köp haryt paýladyk. Oýny duruzyp bilmeris. Biz şol ugradan harytlarymyzy ýerlänimizden soňra bes etmeli bosa, bes ederis' diýdiler" diýip, ýygnaga gatnaşan başga bir telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleri telekeçilerden edilýän bu talabyň sebäbini "Belent" söwda merkezinde gurnalan lotereýa oýny we munuň bilen bagly bolan köpçülikleýin nägilelikler bilen düşündiripdirler.

"Şol lotereýa oýny sebäpli adamlar gahar-gazaba mündüler we daş-töweregindäki obýektlere maddy zyýan ýetirdiler. Olar awtoulaglaryň depesine çykyp, olara zeper ýetirdiler. "Goşa Gumry" toý mekanynyň gapylaryny we aýnalaryny döwdüler" diýip, telekeçi ýygnakda çykyş eden bir howpsuzlyk işgäriniň sözlerini sitirledi.

Şondan soňra, telekeçiler özleriniň gurnaýan lotereýa oýunlarynyň gelejek üçin däl-de, şol gün üçin niýetlenendigini, oýna gatnaşýanyň özüne baýrak çykandygyny ýa çykmandygyny şol pursatda bilýändigini aýdyp, hiç bir adamyny närazy etmeýändiklerini düşündirmäge çalyşdylar.

"Polisiýa işgärleri 'häzir bir az goh ýatýança aksiýa oýunlaryňyzy bes ediň' diýmek bilen çäklendiler" diýip, telekeçi belledi.

Azatlyk bu çäklendirme we telekeçiler bilen geçirilen ýygnaklar barada Marynyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji awgustda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Geçen hepde habarçymyz "Belent" söwda merkeziniň lotereýa oýnunyň geçirilýändigini we oýna 50 manat töläp, bir jorap satyn alan her bir raýatyň gatnaşyp bilýändigini awgustyň başynda yglan edendigini aýtdy. Lotereýany gurnaýjylar oňa gatnaşan adamlaryň hiç biriniň baýraksyz galmajakdygyny hem aýdypdyrlar.

15-nji awgustda geçirilen lotereýa oýnunyň biledi.
15-nji awgustda geçirilen lotereýa oýnunyň biledi.

15-nji awgustda, lotereýa oýnunyň geçirilen güni söwda merkeziniň daşynda takmynan dört müňden gowrak adam üýşdi. Emma gatnaşyjylaryň aglabasy baýrak utup bilmänsoň, olar "gurnaýjylar hiç bir lotereýanyň boş däldigini aýtdylar" diýip, özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna we özleriniň aldawa salnandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirdiler. Bu nägileligiň yzysüre, käbir raýatlaryň puly yzyna berlip başlandy.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri adatça bolşy ýaly bu waka barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ilat arasynda lotereýa oýunlaryndan haraý gözleýän adamlar köpelýär. Käbir söwda merkezleri bu ýagdaýdan peýdalanyp, wagtal-wagtal lotereýa oýunlaryny gurnaýarlar. Ýöne käte olary gurnamak prosesinde aýdyňlygyň ýokdugyny, ýerli ilata "hiç bir gatnaşyjynyň baýraksyz galmajakdygy" ýaly ýalňyş maglumatlaryň berilýändigini, ýerli habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan synçylar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG