Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidenti Ukraina ýardam berilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kiýewe bardy

Polşanyň prezidenti Andreý Duda
Polşanyň prezidenti Andreý Duda

Polşanyň prezidenti Andreý Duda Ukraina beriljek goldawy, şol sanda harby ýardamy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kiýewe bardy diýip, 23-nji awgustda Dudanyň edarasy aýtdy.

“Sapar ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşygy we harby ýardam babatda, şeýle-de Ukrainanyň ykdysady, ynsanperwer we syýasy manyda goralmagy babatda gepleşikleri öz içine alar” diýip, prezidentiň edarasynyň başlygy Pawel Szrot žurnalistlere aýtdy.

NATO we ÝB agzasy bolan Polşa Ukraina bilen araçäkleşýär.

Russiýanyň 24-nji fewralda başlan esassyz çozuşynyň yz ýany, ýüzlerçe müň ukrainaly Polşa gaçyp bardy.

XS
SM
MD
LG