Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Russiýa bilen uruşda 9000 töweregi ukrain esgeri wepat boldy

Ukrain esger Ýewhen Olefirenkonyň ejesi Oksana we onuň gyzy Dzwenyslawa esgeriň Kiýewde geçirilen jenaza çäresine gatnaşyp, ýas tutýarlar. 9-njy iýul, 2022 ý. Kiýew ş. Ukraina.
Ukrain esger Ýewhen Olefirenkonyň ejesi Oksana we onuň gyzy Dzwenyslawa esgeriň Kiýewde geçirilen jenaza çäresine gatnaşyp, ýas tutýarlar. 9-njy iýul, 2022 ý. Kiýew ş. Ukraina.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužniý Russiýanyň Ukriana garşy alty aý ozal girişen esassyz çozuşynda 9000 töweregi ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Zalužniý 22-nji awgustda geçirilen bir forumda eden çykyşynda diňe bir goşunyň däl, eýsem, tutuş ýurduň urşa gatnaşýandygyny, aýallaryň we çagalaryň “fronta gidip, ahmal, söweşde öldürilen 9000 töweregi gahrymanyň hataryna goşulýan” kakalara we ärlere şaýat bolýandyklaryny aýtdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukrainanyň üstüne çozaly bäri, iki tarap hem adam ýitgilerini aýan etmekde aşa ätiýaçly çemeleşýär.

Ukrain resmileri soňky sapar aprelde ýaragly güýçleriniň ýitgilerini mälim etdi. Şonda prezident Zelenski 3000 töweregi ukrain esgeriniň öldürilendigini we 10 müň esgeriň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Moskwa harby ýitgilerini döwlet syry hökmünde saklaýar we resmi ýitgi sanlaryny seýrek täzeleýär.

Russiýa soňky sapar 25-nji martda beren resmi sanlarynda 1351 rus esgeriniň öldürilendigini aýtdy. Ukrain resmileri uruşda 45000 töweregi rus esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG