Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew 70 ýaşady


Tanymal türkmen futbolçysy Gurban Berdiýew 70 ýaşyny Eýranyň “Traktor” futbol toparynyň tälimçisi hökmünde belleýär. Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri bu senä gabat onuň gysgajyk terjimehalyny çap etdi.

Gurban Berdiýew şu ýylyň iýul aýynda Eýranyň Töwriz şäherine baryp, täzelikde şertnama baglaşan toparynyň ― “Traktoryň” şertleri bilen tanyşdy.

1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda dünýä inen Gurban Berdiýew 1971 ― 1985-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň “Kolhozçy”, Don boýundaky Rostowyň SKA, “Rostelmaş”, Gazagystanyň “Kaýrat” toparlarynda futbol oýnap, bir gezek Gazagystanyň çempiony boldy.

Neşiriň maglumatyna görä, G.Berdiýew tälimçilik işine 1986-njy ýylda Gazagystanyň “Himik” toparynda başlap, soňra Gazagystanyň “Kaýrat”, “Kaspi”, Türkiýäniň “Gençlerbirligi”, Aşgabadyň “Nisa”, Russiýanyň “Kristall”, “Rubin”, “Rostow” toparlarynda tälimçi bolup işledi.

G. Berdiýew 2017-nji ýylda dünýäniň iň gowy 50 tälimçisiiniň sanawyna girdi.

Türkmenistanda soňky 30 ýylda sport desgalaryny gurmak üçin harçlanan milliardlarça dollara, türgenler we tälimçiler üçin döredilendigi aýdylýan gowy şertlere we mümkinçiliklere garamazdan, türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň birnäçesi daşary ýurtlarda işlemegi özleri üçin has netijeli we amatly hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG