Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baçelet Putini Ukrainadaky ýaragly hüjümleri bes etmäge çagyrdy

BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Mişel Baçelet
BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Mişel Baçelet

BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Mişel Baçelet Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ukraina garşy alnyp barylýan ýaragly hüjümleri bes etmäge çagyrdy we Zaporižýa ýadro desgasynyň harbysyzlaşdyrylmalydygyny aýtdy.

Ýewropanyň iň uly ýadro desgasy bolan elektrik stansiýasy Russiýa 24-nji fewralda Ukraina çozanyndan kän wagt geçmänkä rus güýçleriniň gözegçiligine alyndy.

Bu desganyň soňky hepdelerde gaýta-gaýta oka tutulmagy ýurduň 1986-njy ýylda bolan Çernobyl ýadro betbagtçylygyny ýatlap, alada galmagyna sebäp boldy.

Baçelet halkara jemgyýetçiligini konflikt başlanaly bäri Ukrainada güman edilýän uruş jenaýtalarynyň ählisi baradaky ýazgylary takyk saklamaga çagyrdy.

Günleriň birinde amala aşyrylan uruş jenaýatlaryny subut eder ýaly bolmak üçin, "halkara jemgyýetçiligi dokumentleşdirmeleri talap etmeli" diýip, Baçelet 25-nji awgustda BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygyndaky başlyklyk möhletiniň tamamlanmagy mynasybetli sözlän sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainalylar rus güýçlerini urşuň ilkinji günlerinde Buça, Irpin we Hostomel şäherlerinde parahat ilata garşy aşa zulum-sütem etmekde aýyplady.

Zalymlygyň giňden ýaýran subutnamalaryna garamazdan, Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG