Rus häkimiýetleri Ukraina çozulmagy netijesinde on müňlerçe esgerini ýitiren goşunyň sanyny artdyrmakda uly kynçylyk çekýärler.
Pentagonyň ady aýdylmadyk ýokary derejeli resmisi 29-njy awgustda žurnalistler bilen bolan duşuşykda prezident Wladimir Putiniň harby gullukçylaryň sanyny 1,150 000-e ýetirmek baradaky buýrugynyň başa barjaga meňzemeýändigini aýtdy.
"Bu synanyşygyň üstünlikli boljagy gümana, sebäbi Russiýa goşunyň sanyny we güýç-kuwwatyny ýokarlandyrmakda ozalky göz öňünde tutan işlerini hem edip bilmedi... Aslynda, Ukraina çozmazyndan ozal, belki-de, doly toplanylmadyk rus goşunynyň esger sany 150,000 bolandyr” diýip, Pentagonyň wekili nygtady.
Onuň sözlerine görä, täze şertnama baglaşylan harby gullukçylaryň köpüsi ýaşlary geçişen we harby gulluga fiziki taýdan taýyn däl, gowy tälim berilmedik adamlar bolup durýar. Bu we beýleki maglumatlar Pentagonyň analitikleriniň harby gullukçylaryň sanyny köpeltmek rus goşunynyň söweş ukybynyň ýokarlanmagyna getirmez diýen netijä gelmegine esas berýär.
ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň orunbasary Kolin Kohl awgust aýynyň başynda Ukrainadaky söweş meýdanynda öldürilen we ýaralanan rus esgerleriniň sanynyň 70,000-den 80,000-e çenli adam bolandygyny çaklady.