Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baltika döwletleri, Polşa we Finlandiýa rus syýahatçylaryny jemgyýet howpsuzlygyna wehim hasaplaýar

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Latwiýa, Litwa, Polşa, Finlandiýa we Estoniýa ruslaryň Şengen ýurtlaryna girmegini jemgyýetiň howpsuzlygyna wehim diýip atlandyrdy.

Olar Ýewropa Komissiýasynyň rus syýahatçylarynyň Şengen zonasyna girmegini çäklendirmek üçin çäre görmegini talap etdiler. Eger şeýle edilmese, olar bu çäräni milli derejede görmek mümkinçiligine seredýärler diýip, Angliýanyň “Financial Times” gazeti habar berýär.

Gazetiň ýazmagyna görä, bäş ýurduň bilelikdäki beýanaty ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Çehiýada geçýän ýygnagynda aýan edildi.

Iňlis neşiriniň bellemegine görä, fewral aýynda, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen başlanan uruşdan bäri, ÝB-niň Russiýa bilen serhetleşýän ýurtlaryna takmynan 700,000 russiýaly girdi. Olaryň köpüsiniň Günbatar Ýewropa ýurtlaryna dynç almaga barýan syýahatçylardygy aýdylýar.

Çozuşdan soň Ýewropa Bileleşigi Russiýa bilen howa aragatnaşygyny bes etdi, netijede russiýalylaryň ÝB ýurtlaryna girmegi diňe üstaşyr ýurtlar ýa-da gury ýer serhetleri arkaly mümkin boldy.

Baltika ýurtlary biraz öň ruslara wizalaryň, iň bolmanda syýahatçylyk wizalarynyň berilmegini doly togtatmaga çagyrdy.

Bileleşigiň Günbatar Ýewropa agzalary muňa garşy bolýar.

XS
SM
MD
LG