Birleşen Ştatlar häzirki çaknyşykda 1,6 million ukrainalyny Russiýanyň gözegçiligindäki territoriýa zor bilen geçirendigini aýdyp, Russiýany uruş jenaýatlarynda aýyplady we bu aýyplama BMG-niň ýokary derejeli resmileriniň “süzgüç lagerleri” diýlip atlandyrylýan ýerlere halkara elýeterliligini talap etmegine getirdi.
Moskwa bu aýyplamany ret etdi we millionlarça ukrainalynyň Russiýa ýa-da Russiýanyň gözegçiligindäki sebitlere gitmegi saýlap alandygyny hem-de ol ýerde "erkin we meýletin" ýaşaýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Linda Tomas-Grinfild 7-nji sentýabr güni giçlik BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine ýüzlenip, Russiýanyň we onuň proksileriniň, prezident Wladimir Putiniň edarasynyň resmileriniň gözegçiligi astynda "bir topar elhençlik" edýändigini aýtdy.
"Goralýan adamlaryň basylyp alnan ýerlerden zor bilen basyp alanyň territoriýasyna geçirilmegi ýa-da deportasiýa edilmegi ... uruş jenaýaty bolýar" diýip, Tomas-Grinfild aýtdy.
Onuň sözlerine görä, diňe iýul aýynda 1800-den gowrak çaga Ukrainanyň çäginden Russiýa alnyp gidildi.
Tomas-Grinfild ruslaryň "maksadynyň Russiýa tarapyndan ýeterlik derejede gulak asyjy däl ýa-da öz gözegçiligine tabyn bolmajak şahsyýetleri kesgitlemek" we Ukrainanyň territoriýasyny “anneksiýa etmek synanyşygyna taýýarlamak" bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia bu aýyplamalary "dezinformasiýa kampaniýasynyň" bir bölegi diýip atlandyrdy we Russiýa gidýän ukrainalylaryň "süzgüç prosedurasyndan däl-de, hasaba alyşdan" geçirilendigini aýtdy.
"Bularyň haýsy biriniň dogrudygyny ýa-da däldigini bilmek üçin ýönekeý bir ýol bar, Birleşen Milletler Guramasynyň ol ýere baryp görmegine ýol beriň” diýip, Tomas-Grinfild aýtdy.