Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 11-nji sentýabrda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine telefon edip, ony Zaporižýe ýadro elektrik stansiýasyndan rus goşunlaryny we enjamlaryny çykarmaga çagyrdy.
Rus goşunlary 2022-nji ýylyň mart aýynda Ukraina çozanyndan kän wagt geçmänkä Zaporižýe ýadro elektrik stansiýasyny basyp aldy we ýadro desgasyny ulanyp, ukrain pozisiýalaryny oka tutdy. Bu ýagdaý Moskwanyň Günbatarda käbirleri tarapyndan ýadro şantajynda aýyplanmagyna getirdi.
Kremliň habaryna görä, söhbetdeşlik wagtynda Putin ukrain güýçleriniň bu desgany oka tutýandygyny aýdyp, günäni Ukrainanyň üstüne atmaga synanyşdy.
Emma Makron Putine ýadro betbagtçylygy howpunyň esasy çeşmesiniň ýadro desgasynda ýerleşdirilen rus goşunlary we ýaraglary bilen baglydygyny aýtdy.
Ol rus liderini bu desganyň golaýynda ýerleşdirilen goşunlary, agyr we ýeňil ýaraglary bilen birlikde, bu ýerden çykarmaga çagyrdy diýip, Parižiň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de Makron Putini iýul aýynda BMG-niň we Türkiýäniň araçylygynda ukrain dänesini eksport etmek boýunça Moskwa bilen Kiýewiň arasynda baglaşylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge çagyrdy.
Geçen hepde Putin, bu sözüni ýalana çykarýan subutnamalaryň ýeterlikdigine garamazdan, gallanyň niýetlenilen garyp ýurtlara barmaýandygyny öňe sürüp, bu şertnamanyň täzeden ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.