Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy: Polisiýa para almak üçin köçelerdäki ýol belgilerini 'üýtgedýär'


turkmenistan -- turkmen police penalizing driver
turkmenistan -- turkmen police penalizing driver

Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, geçen ýyllardaky ýaly Mary welaýatynyň polisiýa işgärleri bu çäräni ulag sürüjilerden para almagyň guralyna öwürdiler. Ýol polisiýasy düzgün bozup, köçelerdäki ýol belgilerini wagtlaýyn üýtgedip, sürüjilerden 20 manatdan 200 manada çenli para alýar. Bu barada ulag sürüjileriniň we polisiýa işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatyna görä, polisiýa şeýle "düzgün bozmalary" Mary şäheriniň Oguzhan köçesinden sag tarapa, Baýram han köçesine öwrülen ýerinde amal etdi.

"Bu ýerde beýleki ulaglara päsgel bermezden, hemişe sag tarapa öwrülmäge rugsat berilýärdi. Emma bu ýerdäki ýaşyl bellikli çyrany duýdansyz aýyrdylar. Şondan soň polisiýa işgärleri sag tarapa öwrülen ulaglary saklap, "gyzyl reňkde öwrüldiň, jerime ýazjak we täzeden ekzamene saljak" diýip gorkuzyp, sürüjilerden 200 manat para aldylar. Adamlar ynanman yzlaryna gaýdyp görenlerinde, hakykatdanam çyranyň aýrylandygyny bilip, söz tapman, para bermäne razy boldular. Käbir adam 100 manat, käbiri-de 200 manat para bermeli bolandygyny aýtdy" diýip, waka şaýat bolan sürüjileriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, polisiýanyň bu çäresi 5-nji sentýabr güni başlap, göni bir hepde geçensoň, ýagny 12-nji sentýabrda tamamlandy we köçedäki çyra gaýtadan yzyna dakyldy.

Habarçymyz polisiýa işgärleriniň beýleki köçelerdäki ýol belgilerini hem üýtgedip, öň tizlik çägi 50 bolan ýerlerde, wagtlaýyn 40 belgini goýýandyklaryny, aradan iki-üç sagat geçenden soňra tizlik çäginiň 50-digini görkezýän ýol belgisini yzyna ýerleşdirýändiklerini aýdýar.

"Polisiýa işgärleri şol aralykda hiç bir düzgüni bozmadyk, 45-50 tizlikde ulag dolandyran sürüjileri saklaýarlar we para bermese, jerime salynjakdygyny, täzeden synagdan geçmeli boljakdyklaryny aýdýarlar. Bu adamlar üçin goşmaça maddy çykdajy bolýar. Üstesine-de, olar ençeme wagt sarp etmeli bolýarlar" diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Marynyň polisiýasy para almak üçin indi yşyklandyryş çyralaryny, ýol belgilerini hem islän wagty söküp aýyrýar, soňra-da täzeden dakýar. Polisiýanyň özi düzgün bozýar. Olar para alyp, goşmaça gazanç etmek üçin günäsiz ilata töhmet atylýar" diýip, şäher ýaşaýjysy aýtdy.

Habarçymyz şuňa meňzeş ýagdaýlaryň welaýatyň ähli şäherdir etraplarynda gaýtalanýandygyny, polisiýa işgärleriniň hiç bir düzgün bozmadyk sürüjilerden hem 20-50 manat para alýandygyny belleýär.

Bu ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we onuň ýerli edarasyndan hiç hili kommentariýa ýa-da düşündiriş almak başartmady.

Türkmenistanyň hökümeti her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygyny yglan edýär. Resmi metbugat tutuş aýy öz içine alýan bu çäräniň ýol howpsuzlygyny berkitmäge, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga, şeýle-de, ýolagçylaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan türkmenistanlylar, şol sanda sürüjiler biraýlygyň dowamynda köçelerde polisiýa işgärleriniň sanynyň köpelýändigini aýdyp, sentýabr aýyny ýol polisiýasynyň “para möwsümi” atlandyrýarlar.

Halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri polisiýanyň parahorlugy barada aç-açan maglumat bermeýärler. "Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 169-njy orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG