Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik-gyrgyz serhedinde ýene-de çaknyşyk boldy

Täjik-gyrgyz serhedinde ýumrulan jaý. Arhiw suraty
Täjik-gyrgyz serhedinde ýumrulan jaý. Arhiw suraty

Iki tarapyň resmileriniň habar bermegine görä, iki merkezi aziýa ýurdunyň arasyndaky serhet dawasy bilen baglylykda, öten agşam Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň serhetçileriniň arasynda täze çaknyşyk boldy. Bu çaknyşyk gyrgyz serhetçileri täjigistanlylary serhediň entek haýsy tarapa degişlidigi kesgitlenmedik böleginde orun turmakda aýyplandan soň başlandy.

Täjik harbylary, öz gezeklerinde, gyrgyz serhetçilerini täjik pozisiýalaryna "hiç hili sebäpsiz" ok atmakda aýyplady. Täjik tarapy oka ok bilen jogap berdi.

Täjigistanyň milli howpsuzlyk komiteti Gyrgyzystan bilen aralykdaky ýere "goşmaça harby güýçleriň we enjamlaryň geçirilendigini” aýtdy.

Russiýanyň RIA habar gullugy çaknyşykda bir täjik esgeriniň ölendigini habar berdi, emma bu habary bada-bat tassyklap bolmady.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy iki tarapyň aralykda dörän dawany çözmek üçin gepleşiklere başlandygyny habar berdi.

970 kilometrlik gyrgyz-täjik serhediniň ýarysy diýen ýaly kesgitlenmedik, bu mesele iki ýurduň otuz ýyldan gowrak öň alan garaşsyzlygyndan bäri birnäçe gezek dartgynly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna, wagtal-wagtal adam ölümine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG