Dünýä liderleri Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söweşleriň derrew bes edilmegini talap etdiler. Iki kawkaz ýurdunyň arasynda 2020-nji ýylda bölüniji Dagly-Garabag sebiti üstünde bolan uruş gutaraly bäri bolan iň ganly çaknyşykda 100-e golaý esger öldi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 13-nji sentýabrda bolan çaknyşyklarda 50 esgerini ýitirendigini aýtdy, Ermenistan bu çaknyşykda azyndan 49 esgeriniň öldürilendigini habar berdi. Bu çaknyşyk ABŞ-nyň, Russiýanyň we BMG-niň iki tarapy hem söweşi togtatmaga çagyrmagyna alyp geldi.
Emma muňa garamazdan, Ermenistanyň Goranmak ministrligi 14-nji sentýabr güni irden Azerbaýjany atyşygy gaýtadan başlamakda aýyplady.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş iki tarapy-da dartgynlygy gyssagly ýagdaýda peseltmäge çagyrdy.
Metbugat wekili Stefan Dujarrigiň 13-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Guterriş taraplary "iň ýokary derejedäki sabyr-kanagatlylyga we islendik möhüm meseläni gepleşik esasynda, bar bolan formatlaryň çäginde çözmäge" çagyrdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen telefonda gürleşdi.
Metbugat sekretary Ned Praýs, golaýda Kawkaz boýunça gepleşikleriň jogapkärçiligi ynanylan weteran diplomatyň, Filip Rikeriň 13-nji sentýabrda öňünden meýilleşdirilen saparyň çäginde Bakuwa barmagy bilen, Waşingtonyň iki goňşynyň arasyndaky "söweşiň derhal bes edilmegine we meseläniň parahatçylykly çözülmegine itergi berjekdigini" aýtdy.