Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak deputatlary 7 ýyllyk prezident möhletini goldaýar, paýtagtyň adyny üýtgedýär

Gzak parlamenti. 16-njy sentýabr, 2022.
Gzak parlamenti. 16-njy sentýabr, 2022.

Gazak parlamentiniň aşaky palatasy Mažlis yzygiderli iki gezek bäş ýyllyk prezidentlik möhletini ýekeje ýedi ýyllyk prezidentlik möhletine çalyşmak baradaky prezident teklibini tassyk etdi.

Şeýle-de, deputatlar parlament toparynyň 16-njy sentýabrda, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň "täze Gazagystany" döretmek kampaniýasynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletiniň paýtagtynyň adyny Nur-Soltandan Astana üýtgetmek barada eden teklibini tassykladylar.

Bu teklipler 2019-njy ýylda paýtagtyň adyny ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň hormatyna Nur-Soltan diýip üýtgeden Tokaýewiň gol çekmegine garaşylýan konstitusiýa üýtgetmeleri taslamasynyň bir bölegi bolup durýar.

Tokaýew 1-nji sentýabrda, öňki prezidentden çeke durmak bilen, gelýän aýlarda ikinji möhlete saýlanmagyna garaşylýan irki saýlawy geçirmäge çagyrdy we şol bir wagtyň özünde-de prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmagy we diňe bir möhlete prezident bolmagy teklip etdi.

XS
SM
MD
LG