“The Insider” neşiriniň habaryna görä, “Türk Howaýollarynyň” okuw merkezi russiýaly uçarmanlara emeli görnüşde amala aşyrylýan mysaly uçuş tälimlerini bermekden ýüz öwürdi. Bu habar rus awiakompaniýalarynyň biri tarapyndan tassyk edildi.
“Türk Howaýollarynyň” okuw merkeziniň resmi hatynda aýdylmagyna görä, bu karar "Ýewropa awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň sanksiýalarynyň güýçlendirilmegi" netijesinde kabul edildi.
“The Insider” bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, Türkiýäniň uçarmanlara tälim berýän okuw merkeziniň gelen kakary beýleki okuw merkezleri tarapyndan hem alnyp göteriler.
Hünärmenleriň köpüsiniň pikiriçe, eger-de uçarmanlar mysaly uçuş tälimlerini almasalar, Russiýada uçuş howpsuzlygy, hususan-da “Boeing B777” we “Airbus A350” ýaly uzak aralyga uçan uçarlardaky howpsuzlyk derejesi düýpli peseler.
Mundan öň birnäçe türk bankynyň, şol sanda Türkiýäniň iň uly hususy banky bolan “Iş Bankasynyň” Russiýanyň “Mir” töleg ulgamy bilen işleşmegini bes edendigi mälim boldy.