Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ilatyň hasabyna bina edilen täze kottežler toplumynyň açylyşy boldy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş jaý massiwinde bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş jaý massiwinde bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy.

Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän “Azatlyk” şäherçesinde 20-nji sentýabrda 100 töweregi kottež jaýlaryndan ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy boldy. Raýatlaryň hasabyna maliýeleşdirilen kottežler toplumynyň açylyşy soňky dört ýyl bäri täze mekdep ýa-da çagalar bagy bina edilmedik Türkmenabat şäheriniň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Şäher ýaşaýjylary Garaşsyzlygyň 31-nji ýyl dönümine gabatlanyp açylan täze kottežler toplumynyň ýerleşýän ýerini amatsyz hasaplaýarlar.

“Täze kottežler toplumy Türkmenabadyň şäher merkezinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu ýaşaýyş jaý massiwine baryp gaýtmak kyn. Aeroporta gatnaýan 6-lyk awtobus bilen kottež jaýlara baryp bolýar. Awtobus gatnawy her 30-40 minutda bir gezek amala aşyrylýar. Gijöýlän sagat 6-dan soň, awtobus gatnawy ýok. Taksi bilen toplumdan şähere gaýtmak isleseň 20-30 manat çykdajy etmeli bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Täze toplumyň düýbi 2019-njy ýylda tutuldy. Iki gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşypdy.

Maglumata görä, täze toplum Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär. Has ozal, awgustda türkmen metbugaty Türkmenabatda Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap, 1280 maşgala niýetlenen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň, şeýle-de 100 öýden ybarat kottežler toplumynyň açylyşyna garaşylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze kottež jaýlaryň her biriniň bahasynyň walýutanyň gara bazar nyrhy bilen 65 müň dollara barabar bolandygyny habar berýär. Şeýle-de, habarçymyz täze toplumyň gurluşygynyň jaý satyn almaga isleg bildirýän raýatlaryň tölegleriniň hasabyna maliýeleşdirilendigini habar berýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji sentýabrda şäherde täze awtomenziliň hem açylyp ulanylmaga berilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi iň iri durmuş-ykdysady problemalaryň hatarynda galýar. Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ýaşaýyş jaý gorlary bilen bagly statistiki sanlary köpçülige äşgär etmeýär.

Köplenç ipoteka karzlary bilen jaý edinýän raýatlaryň, hususan-da soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar zerarly, täze jaýlaryny terk etmäge mejbur bolan halatlary boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2020-nji ýylyň awgustynda Lebap welaýatynda ipoteka karzlary bilen jaý satyn alan 100 töweregi raýatyň tölege ukypsyzlyk zerarly jaýlaryny terk etmäge mejbur bolandyklaryny habar berdi.

Bu aralykda, sebitde täze ýaşaýyş toplumy açylyp ulanylmaga berilýän mahaly, ýerli ýaşaýjylar şäherde soňky dört ýylyň dowamynda täze mekdebiň ýa-da çagalar bagynyň gurulmandygyny aýdýarlar.

“2018-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenabatda bir orta mekdep ýa-da çagalar bagy gurulmady. Kiçi firmalar bankrot boldy. Olara gurluşyk tenderleri berilmeýär” diýip, lebaply ýaşaýjylar aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda 21-nji sentýabrda açylyp ulanylmaga berilmegine garaşylýan awtomenziliň gurluşygynyň hem sebit firmalaryna ynanylmandygyny habar berýär.

Mundan ozal, Azatlygyň sebitdäki habarçysy gündogar welaýatda bina edilen täze awtomenziliň gurluşygynyň Garaşsyzlyk baýramyna ýetişdirilmeginiň talap edilendigini habar beripdi.

“Sebitde onlarça kiçi firma işsiz galýar. Ýogsa 2015-nji ýylda birnäçe sebit firmalary iki sany orta mekdebi, bir sany çagalar bagyny, bir sany uly sport toplumyny üstünlikli bina etdiler. Indi üç ýyl bäri sebit firmalary iri teklip alyp bilmeýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gurluşyk tenderlerinde köplenç paranyň uly rol oýnaýandygyny gürrüň berdi.

“Gurluşyk tenderini almak üçin köp mukdarda para bermeli. Para berip tender utýarlar. Ýerli firmalar gurluşygyň çykdajylaryny kemeldip, gurluşyga sarp edilýän materiallaryň harajatlaryny tygşytlap, tendere pul çykarýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG