Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler awtomagistralyň ugrundaky barlag nokatlarynyň sanyny artdyrýar


Illýustrasiýa suraty. PÝGG-niň barlag nokady. Bäherden, Ahal wel. 2022-nji ýylyň maý aýy.

Mary – Aşgabat şäherara awtomagistralynyň ugrunda pandemiýa hereket çäklendirmeleri döwründe açylyp, soňra ýapylan iki polisiýa posty gaýtadan peýda boldy. Ýurduň kanun goraýjy edaralary Mary sebitinde polisiýanyň barlag nokatlarynyň sanyny artdyryp, howpsuzlygyň güýçlendirilmeginiň sebäplerini köpçülige mälim etmeýärler. Sürüjiler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň barlag nokatlarynda parahorlyk bilen meşgullanýandyklaryny habar berýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Ýol ugrunda ýerleşýän öňki polisiýa barlag nokatlarynyň üstüni ýetirýän täze polisiýa postlarynda, sürüjilere görä, polisiýanyň meşgul bolýan parahorlygynyň gerimi, ýerli ýaşaýjylarda gahar-gazap döredýär.

Köçe ýol hereketiniň düzgünlerini we talaplaryny birkemsiz ýerine ýetirýändiklerini aýdýan sürüjiler gaýtadan açylan barlag nokatlaryndaky ýol polisiýasynyň sürüjilerden gös-göni para soraýandygyny aýdýarlar.

“Gizlemän, gös-göni, 50 manat para soradylar” diýip, ulagy polisiýanyň barlag nokadynda kanun goraýjylar tarapyndan saklanan bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

“Bu iki post gaty azar berýär, eger-de her posta 100 manat para berseň, asla sürüjilik şahadatnamaňy hem soramaýarlar” diýip, beýleki bir taksi sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň gaýtadan dikelden iki posty Mary şäheri bilen Oguzhan etrabynyň arasynda ýerleşýär.

Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylary esasan pagtaçylyk, däneçilik ýaly ekerançylyk işleri bilen, galyberse-de maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Etrabyň daýhanlary “polisiýanyň taýagynyň bir ujunyň özlerine-de degendigini” aýdýarlar.

“Käbir daýhanlar we çopanlar her gün özleriniň kärende ýerlerine ýa-da maldarçylyk fermalaryna awtoulagda gatnaýarlar. Polisiýa olaryň awtoulaglaryny saklap, daýhanlardan pasport ýa-da lukmançylyk kepilnamasyny talap edýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy polisiýa işgärleriniň resminama görkezip bilmedik sürüjilerden para talap edýändigini habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri Mary – Aşgabat awtomagistralynyň ugrunda barlag nokatlarynyň sanyny artdyryp, howpsuzlygy güýçlendirmekleriniň sebäplerini köpçülige mälim etmeýärler.

Täze polisiýa postlarynyň ýerleşýän ýerine golaý bolan Oguzhan (öňki Gulanly) şäherçesi türkmen-eýran serhedinden 70 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Oguzhan etrabynyň çägini Tejen – Sarahs – Maşat demir ýoly, Mary – Aşgabat awtomagistraly we ýurduň iň iri Garagum kanaly kesip geçýär. Şeýle-de, etrabyň demirgazygynda “Şatlyk” gaz gysyjy desgasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň “Gündogar – Günbatar” gaz geçirijisi “Şatlyk” gaz gysyjy desgasyndan gözbaş alýar. “Gündogar – Günbatar” gaz geçirijisi ýurduň gündogar gaz ýataklaryndaky tebigy gazy Türkmenistanyň Hazarýaka sebitlerine geçirýär.

Häkimiýetler ýurduň ulag çatrygynda ýerleşýän we möhüm ýangyç desgasynyň ýerleşýän sebitlerinde polisiýa postlarynyň sanynyň artdyrylmagyny we howpsuzlygyň güýçlendirilmeginiň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaýarlar.

Şol bir wagtda, Mary welaýatynyň çäginde täze polisiýa barlag nokatlarynyň gaýtadan açylmagy Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Üstesine, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, gaýtadan açylan postlardaky polisiýa işgärleri sürüjilerden, adat bolşy ýaly, diňe bir sürüjilik şahadatnmasyny soramak bilen çäklenmeýär, eýsem, kärende ýerlerine gatnaýan daýhanlardan olaryň kärende ýer eýeçiligini subut edýän kepilnama, şahsyýetini anyklaýan resminama we lukmançylyk kepilnamasyny talap edýärler.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň täze barlag nokatlarynyň gaýtadan açylmagyna diňe “ýol polisiýasynyň sürüjilerden para almak tejribelerini berjaý etmegi” hökmünde garaýarlar.

“Para bermedik sürüjileriň ulaglaryny dessine jerime duralgalaryna alyp gidýärler. Eger jerime duralgasyna gitmekden boýun gaçyrsaň, sürüjilik şahadatnamaňy alyp galýarlar. Sürüjilik şahadatnamaňy yzyna almaga barsaň, 500 manat para soraýarlar” diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda 2014-nji ýylda kabul edilen “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” kanuny we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň Korrupsiýa maddalary döwlet gullukçylaryna öz wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, para, pul, sylag we beýleki serişdeleri kabul edip almagy gadagan edýär. Şol bir wagtda, türkmen kanunçylygy korrupsiýa bilen bagly jenaýatlaryň duýdurylmagyny talap edýär we düzgünleşdirýär.

Ýöne Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda pes orunlary eýeleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň ähli pudaklarynda parahorlygyň höküm sürýändigini, tanyş-biliş, para-peşgeş bilen bagly korrupsiýa hadysalarynyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Ýol polisiýasynyň sürüjilerden para almagy ilat arasynda köplenç tas “norma” öwrülen tejribe hökmünde kabul edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG