Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz we özbek häkimiýetleri Russiýadaky raýatlaryna harby çärelere goşulmazlyk duýduryşyny berýär


Moskwa. Bosgun merkeziniň öňündäki migrantlar. 2021

Rus prezidenti Wladimir Putin bölekleýin mobilizasiýa yglan edenden soň, gyrgyz we özbek häkimiýetleri Russiýada migrant işçi bolup işleýän raýatlaryna Ukrainada barýan uruşda rus goşunyna goşulmagyň çynlakaý netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdiler.

Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasy 21-nji sentýabrda, Putiniň mobilizasiýa kararyndan birnäçe sagat soň beýanat çap edip, daşary ýurtlaryň çägindäki harby çärelere gatnaşmagyň islendik görnüşiniň hakyna tutma söweşjeňlik hasaplanýandygyny we, ähli emlägiň konfiskasiýa edilmegi bilen, 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasynyň bardygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň resmi maglumatlaryna görä, Russiýada 1 milliondan gowrak gyrgyz migranty zähmet çekýär, olaryň arasynda rus raýatlygyny alyp, harby borçly bolanlar hem az däl.

21-nji sentýabrda Merkezi Aziýanyň ýene bir bir döwletiniň, Özbegistanyň baş prokuraturasy hem özbek zähmet migrantlaryna daşary ýurtlaryň harby güýçlerine goşulmagyň bikanundygyny we 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasynyň bardygyny duýdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG