Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan köçeleri arassalap, agaçlary timarlap, baş baýrama we 'Dabaraly maslahata' taýýarlanýar


Aşgabatda garaşsyzlyga taýýarlyk arassaçylygynyň çäginde agaçlar çapylýar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýy. Türkmenistan.
Aşgabatda garaşsyzlyga taýýarlyk arassaçylygynyň çäginde agaçlar çapylýar. 2022-nji ýylyň sentýabr aýy. Türkmenistan.

Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde giň gerimli arassaçylyk işlerini geçirip, hem-de agaçlary timarlap, Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramyna we ilkibaşda Döwlet maslahaty hökmünde yglan edilen, indi bolsa Dabaraly maslahat atlandyrylýan foruma taýýarlyk görýärler. Taýýarlyk işleriniň jikme-jiklikleri barada Azatlygyň habarçylary Mary we Aşgabat şäherlerinden habar berýärler.

Marydaky habarçymyz Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde býujet işgärleriniň köçeleri arassalamak işlerine çekilýändiklerini, Mary şäheriniň merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärleriniň ýanýodalary arassalaýandyklaryny habar berýär.

Paýtagtdaky habarçymyz baş baýrama taýýarlyk işleriniň çäginde şäheriň dürli sebitlerinde agaçlaryň çapylýandygyny, olara timar berilýändigini habar berýär, şeýle-de polisiýa baýramçylyk mynasybetli “güýçlendirme düzgünini” yglan edýär.

Ýöne paýtagtly habarçymyza görä, häkimiýetleriň yglan eden taýýarlyklary paýtagtdaky käbir agaçlaryň hem-de öý haýwanlarynyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär.

“Baýramçylyga taýýarlygyň hili çapylan agaçlaryň hem-de öldürilen haýwanlaryň möçberi bilen kesgitlenilýär” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, polisiýa işgärleri şäherdäki söwda nokatlaryna aýlanyp, bar bolan kemçilikleriň düzeldilmegini talap edýär.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy 22-nji sentýabrda Aşgabadyň Parahat etrapçasynda esasy ýoluň ugrunda ýerleşýän köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň köçä tarapyndaky diwarlarynyň boýalandygyny habar berýär.

“Uzakly gün köpgatly jaýlaryň köçe tarapdan görünýän fasadyny boýadylar. Soňky sapar saýlawlaryň öňüsyrasynda şeýle edipdiler. Köpgatly jaýyň beýleki tarapyny, köçeden görünmeýän tarapyny ellemeýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň 22-nji sentýabrda iberen suratlarynda Aşgabadyň bir sebitinde çapylan agaç şahalaryny, agaç şahalaryny daşaýan ýük ulaglaryny, şeýle-de köpgatly jaýlaryň daşynda agyr tehnikalar we kranlar ulanylyp geçirilýän boýag işlerini görmek bolýar.

Çapylan agaç şahalary ýük ulaglaryna ýüklenýär. Aşgabat. Sentýabr, 2022 ý.
Çapylan agaç şahalary ýük ulaglaryna ýüklenýär. Aşgabat. Sentýabr, 2022 ý.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary 23-nji sentýabrda geçirilmegine garaşylýan Döwlet maslahatyna taýýarlyk işleri barada hem habar berýärler.

Marydaky habarçynyň maglumatlaryna görä, bu maslahata gatnaşmaly edilen uly ýaşly adamlar sebitiň myhmanhanalarynyň birinde karantine alnypdyrlar.

Ýatlasak, awgustyň ortasynda Türkmenistanyň prezidenti 23-nji sentýabrda ýurtda Döwlet maslahaty atly bir forumyň geçiriljekdigini duýdansyz yglan etdi.

Mundan ozal, Türkmenistanda halk maslahatlary, ýaşulular maslahatlary ýaly türkmen kanunçylygynda orny bolan döwlet institutlarynyň ýygnaklary geçirilýärdi. Ýöne prezidentiň Döwlet maslahaty atlandyran forumy ýurtda ilkinji gezek geçirilmelidi.

Ýöne indi Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi ilki Döwlet maslahaty hökmünde yglan edilen forumyň adyny Dabaraly maslahat diýip tutup başlady.

Türkmenistanyň prezidentiniň 19-njy sentýabrda ýokary derejeli resmiler bilen geçiren iş ýygnagynda hem 23-nji sentýabrda geçirilmegine garaşylýan “möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň” ady Dabaraly maslahat diýlip tutuldy.

Resmi habarlardan mälim bolşuna görä, indi Dabaraly maslahat atlandyrylýan foruma Halk Maslahatynyň agzalary ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek arkaly taýýarlyk görýärler, şeýle-de Mejlis täze kanunçylyk taslamalarynyň üstünde işleýär.

Dört ýyl ozal senesi üýtgedilen garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýaryk işleriniň çäklerinde, köpgatly jaýlaryň köçeden görünýän tarapy ak reňke boýalýar. Sentýabr, 2022 ý. Aşgabat ş. Türkmenistan.
Dört ýyl ozal senesi üýtgedilen garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýaryk işleriniň çäklerinde, köpgatly jaýlaryň köçeden görünýän tarapy ak reňke boýalýar. Sentýabr, 2022 ý. Aşgabat ş. Türkmenistan.

Türkmenistanda maslahat atlandyrylýan ýokary derejeli üýşmeleňlerde mydama diňe bir adamyň, prezidentiň çykyşlary diňlenilýär, hödürleýän teklipleri goldanylýar, beýleki çykyşlar köplenç ýurduň syýasatyny öwmäge we prezidente alkyş aýtmaga gönükdirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti ýokary derejeli resmiler bilen geçiren ýygnagynda garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramyna we Dabaraly maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.

Prezidentiň bu tabşyrygy, görnüşinden, Maryda býujet işgärlerini köçeleriň arassaçylygyna çekmek, olara ýanýodalary arassalatmak, Aşgabatda agaçlara timar bermek, köpgatly jaýlaryň köçe tarapyndaky diwarlaryny boýamak ýaly çäreler bilen jogap tapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG