Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Döwlet maslahaty atly täze bir forumyň geçiriljek senesini yglan etdi


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat.

Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet mejlisinde öňümizdäki aý Türkmenistanda Döwlet maslahatynyň geçiriljekdigini duýdansyz yglan etdi. Synçylar Türkmenistanyň baş kanunynda agzalmaýan Döwlet maslahatynyň döwlet durmuşyndaky wezipelerini we ygtyýarlyklaryny sorag astyna alýarlar.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hökümet mejlisinden habar bermegine görä, 23-nji sentýabrda geçiriljek maslahatda “möhüm meselelere garamak” göz öňünde tutulýar.

“Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli” diýip, TDH Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.

Duýdansyz yglan edilen Döwlet maslahatynyň geçirilýän senesi Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň ertesine gabat gelýär.

Mart aýynda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan döwlet baştutany wezipesini kabul edip alan Serdar Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda 41 ýaşaýar.

Mundan ozal, ne döwlet metbugaty, ne-de hökümetçi neşirler Döwlet maslahaty atly forumyň geçirilýän tertibi, onuň düzümi, Döwlet maslahatyna gatnaşyjylaryň wezipeleri, hukuklary we ygtyýarlyklary barada maglumat berdi. Türkmenistanyň köpçülige mälim bolan hukuk namalarynyň hiç haýsynda Döwlet maslahaty we onuň ygtyýarlyklary agzalmaýar.

Synçylar Döwlet maslahatynyň ýurduň parlamentiniň ýa-da hökümetiň ygtyýarlyklaryna kölege salýandygyny aýdýarlar.

Prezident anna güni geçiren hökümet mejlisinde meýilleşdirilýän Döwlet maslahatynda “döwleti ösdürmegiň möhüm meselelerine” garaljakdygyny aýtdy. Munuň bilen hökümet maslahatlarynyň, ýa-da parlamentiň geçirýän mejlisleriniň “döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garamak” mümkinçilikleri sorag astyna düşdi.

Türkmenistanyň baş kanuny ýurduň parlamentini “kanun çykaryjy we wekilçilikli edara” hökmünde kesgitleýär.

Wezipeleri we ygtyýarlyklary ýurduň hiç bir kanunçylygynda agzalmaýan Döwlet maslahatynyň duýdansyz yglan edilmegi bilen Türkmenistan Halk maslahatynyň we Ýaşulular maslahatynyň ýygnaklaryndan soň, täze bir “möhüm” forum bilen tanyşar. Täze forumyň senesiniň yglan edilmegi synçylarda dürli reaksiýalary döretdi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi, raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamow 16-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda geçiriljek täze forumyň öňümizdäki aý öz işine başlamagy bilen ýurduň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda uly bir özgerişe garaşmaýandygyny aýtdy:

“Türkmenistanyň esasy keseli hiç wagt öňünden nämedigini hem düşündirenoklar, näme etjek bolýanlaryna-da düşünip bolanok. Ýöne näme edende-de, nähili atlandyranda-da, üýtgeşik hiç bir tapawudy bolmaz diýip pikir edýärin. Näme üçin diýseňiz, hakykatdan-da Ýaşulular maslahaty boldy, Halk maslahaty boldy, bu ýerde diňe bir adam, onuň özi gelejegi bir programma hökmünde aýdýar. Şony hem hemme kişi, ne bir şoňa goşmaça tekliplerini berýärler, ne-de nämäni üýtgedip nähiliräk etsek gowy bolar diýip, bir maslahatlaşylýar. Hiç bir zat ýok. Hemme kişi, ýöne bir lepbeý-de, lepbeý” diýip, öňki diplomat aýtdy.

Ol täze foruma kanun çykaryjylar we döwlet resmileri bilen bir hatarda, ilatyň dürli gatlaklarynyň wekillerini, şol sanda hususy telekeçileri, ýaşlar we zenanlar guramalarynyň wekillerini hem çagyrmaklarynyň ahmaldygyny çaklady. Ýöne şonda-da, öňki diplomat şeýle ýygnaklaryň netije bermeýändigini, diňe bir adamyň “agzyna garalýandygyny” aýtdy.

“Şonuň üçin, meniň pikirimçe bu Döwlet maslahaty bolanda-da bir üýtgeşik hiç zat bolmazmyka diýip pikir edýärin” diýip, Hanamow aýtdy.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, bir döwür ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy bolan Halk Maslahaty hereket edýärdi. Garaşsyzlygyň irki ýyllarynda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylan Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary 2008-nji ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen ýatyryldy. Muňa derek, ýurtda maslahat beriji geňeş bolan Ýaşulular maslahaty döredildi. Ýöne Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen Ýaşulular maslahaty hem 2017-nji ýatyryldy we onuň ornuna ozal ýatyrylan Halk Maslahaty gaýtadan dikeldildi. Munuň yz ýany, 2020-njy ýylda ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi we Halk Maslahaty Türkmenistanyň iki palataly kanun çykaryjy ulgamynyň ýokarky öýüne öwrüldi. Häzirki Halk Maslahatyna eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.

Synçylar Türkmenistanda bir görseň ýatyrylyp, bir görseň dikeldilýän ne Halk maslahatlarynyň, ne Ýaşulular maslahatynyň, ne-de nämedigi heniz doly aýdyňlaşmadyk Döwlet maslahatynyň türkmen halkynyň bähbitlerine doly hyzmat edip-etmeýändigine, bu döwlet organlarynyň halkyň ykdysady we durmuş kynçylyklaryny ýeňletmäge ýardam berip-bermeýändigine soragly çemeleşýärler.

Resmi metbugata görä, Türkmenistanda 23-nji sentýabrda geçiriljek Döwlet maslahaty garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanjak çäreler bilen utgaşar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG