Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken: Howpsuzlyk geňeşi Putine halkara düzgünini çym-pytrak etmäge ýol bermeli däl

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken dünýä ýurtlaryny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy durmaga çagyrdy we Kreml lideriniň Ukraina çozup, onuň topraklarynyň köp bölegini Russiýa birikdirmek synanyşygynyň global durnuklylyga howp salýandygyny duýdurdy.

“Biziň bu ýerde yzynda durmak üçin toplanan halkara düzgünimiz gözümiziň alnyndan çym-pytrak bolýar. Biz prezident Putiniň bu eden işi bilen sag-aman gutulmagyna ýol bermeris, muny başarmarys" diýip, Blinken 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuykda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenip aýtdy.

Ukrainada ýedi aýa giren esassyz urşunyň dowamynda Putin, öz güýçleriniň bölekleýin gözegçilik edýän dört sebitini Russiýa Federasiýasyna zor bilen birikdirmek üçin, dawaly ses berişlik gurnaýar.

Blinken Ukrainany goldamagyň halkara tertibini goramak bilen barabardygyny aýtdy we hiç bir ýurduň başga biriniň serhedini zor bilen üýtgetmäge hukugynyň ýokdugyny nygtady.

“Eger-de biz bu ýörelgäni Kreml ony şeýle- aç-açan bozýan wagtynda gorap bilmesek, onda biz gorap bilmesek, onda bir ähli ýerdäki basybalyjylara olaryň hem muny äsgermezlik edip biljekdikleri hakynda habar iberýäris. Biz her bir ýurdy töwekgellik astynda goýýarys” diýip, Blinken aýtdy.

Şu aralykda, Moskwa Ukrainadaky söweş tagallalaryny güýçlendirmek üçin bölekleýin harby mobilizasiýa yglan edeninden soň, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Russiýa garşy täze jeza çäreleriniň görüljekdigini wada berdi.

XS
SM
MD
LG