Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üns merkezinde: Dünýä türkmenleriniň duşuşygy, türk wizasynyň çykdajysy we baş baýramyň hysyrdylary


Aşgabatdaky "Mekan" köşgi. Arhiw suraty.
Aşgabatdaky "Mekan" köşgi. Arhiw suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalarynyň gysga mazmunyna ser aýlaýar.

Hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmesi 11-nji sentýabr – 18-nji sentýabr aralygynda Türkiýeden Türkmenabadyň halkara aeroportuna gonan çarter uçarlary bilen 1000 töweregi türkmenistanlynyň ýurda getirilendigini habar berdi. Türkiýede ýüzlerçe müň türkmenistanly ýaşaýar. Geçen iki ýylyň dowamynda pandemiýa hereket çäklendirmeleriniň arasynda, şeýle-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda kadaly uçar gatnawlarynyň heniz hem dikeldilmeýändigi zerarly, Türkiýede galan ençeme türkmenistanly iki ýyl bäri syýahat çäklendirmeleri bilen bagly agyr kynçylyklary başdan geçirmeli boldy. Türkiýede galan türkmenistanlylar köpçülikleýin watana dolanýan mahaly, 15-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň 23-nji maslahaty geçirildi.

Mundan başga-da, geçen hepdäniň dowamynda türkmenistanlylar üçin türk wizasyny almagyň kynçylyklary, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň smartfonlarynyň barlanylmagy, ýurduň iri ýag zawodlarynyň birinde işgärleriň köpçülikleýin tölegsiz rugsada ugradylmagy, ýurtda abort gadagançylygynyň parahorlyga ýol açmagy, Mary welaýatynda ýol gözegçiligi polisiýasynyň pandemiýa döwründe ýapylan barlag nokatlarynyň gaýtadan açylmagy we raýatlaryň sebitara syýahat kynçylyklary, şeýle-de garaşsyzlyk baýramynyň hysyrdylary hepdäniň möhüm wakalarynyň hataryna girdi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalarynyň gysga mazmunyna ser aýlaýar.

Üns merkezinde: Dünýä türkmenleriniň duşuşygy, türk wizasynyň çykdajysy we baş baýramyň hysyrdylary
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG