Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda günä geçiş yglan edildi


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tussaglaryň günäsini geçmek çäresi yglan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda "Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli tussaglaryň günäsini geçmek" hakynda gol çeken kararyna laýyklykda günäsi geçilen raýatlaryň esasy jezasy bolan tussaglykdan boşadylýandygy we belli bir ýerde ýaşamak borjy ýaly goşmaça jezadan azat edilýändigi aýdylýar.

Bu barada habar berýän Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, 829 türkmen raýaty we 4 daşary ýurt raýaty türmeden boşadylypdyr.

Geçen ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda yglan edilen günä geçişde 2064 adamyň türmeden boşadylandygyny türkmen döwlet mediasy hatar beripdi.

Türkmen hökümeti döwlet seneleriniň öňüsyrasynda yglan edilýän günä geçişleriň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygy, jemgyýetiniň we maşgalalaryň agzybirligini berkitmek maksady bilen geçirilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda türmelerde saklanýan tussaglaryň sany we şertleri barada resmi maglumatlar çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG