Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 2064 bendiniň günäsi geçildi


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 2064 bendiniň günäsini geçmek barada permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.

Resmi maglumata görä, nobatdaky günä geçişlik Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanýar.

Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, günäsi geçilenlerden alty adam daşary ýurt raýatlary bolup durýar.

Berdimuhamedow bu permanyň “ata-babalaryň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden” ugur alýandygyny aýtdy.

Günäsi geçilen raýatlaryň hatarynda “syýasy tussaglaryň” bardygy ýa-da ýokdugy mälim edilmeýär. Türkmenistanyň döwlet metbugaty günäsi geçilen raýatlaryň sanawyny çap etmeýär.

Mundan ozal, maý aýynda Gadyr gijesi mynasybetli geçirilen köpçülikleýin günä geçişlikde türkmen türmelerinden müňden gowrak tussag, şol sanda 16 “wyždan ýesiri” boşadyldy.

Has ozal, 2020-nji ýylyň dekabrynda Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişlikde 2082 adamyň, şol sanda dört daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi.

Türkmen türmelerinde saklanýan iki müňden gowrak bendiniň boşadylmagy dünýäde we Türkmenistanda global koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy üç hepde gowrak mundan ozal, 28-nji awgustda kanun goraýjy edaralardaky çeşmelere salgylanyp, Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli müňlerçe bendiniň günäsiniň geçilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Kanun goraýjy edaralardaky çeşme hususan-da Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän türmede pnewmoniýa bilen, şeýle-de koronawirusyň delta görnüşi bilen keselleýän tussaglaryň köpelýändigini gürrüň berdi.

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, günäsi geçilenleriň sanawyna girmek üçin 5 müň dollardan 30 müň dollar aralygynda para soralýandygyny habar berdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, pandemiýanyň fonunda günäsi geçilenleriň sanawy öňünden düzülipdir we azatlyga iberilen bendiler türmelerde öňünden karantin astyna alnypdyr.

“Türmelerde syrkawlaýan tussaglara olaryň hossarlarynyň iberýän kömekleri ýetmeýär. Ýa-da olar polisiýa tarapyndan ogurlanýar. Tussaglar häzir azyk we derman ýetmezçiliginden kösenýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy kanun goraýjy edaralardaky çeşmäni sitirledi.

Döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Berdimuhamedow ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň maşgalalaryna gowuşmagy üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Adat bolşy ýaly, türkmen prezidenti ýerli häkimlere günäsi geçilen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegini tabşyrdy.

Hökümetçi turkmenportal.com neşirine görä, Türkmenistanda köpçülikleýin günä geçişlik 1999-njy ýyldan bäri amal edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda yglan edilýän köpçülikleýin günä geçişlik ýylyň dowamynda 3-4 gezek geçirilýär we köplenç döwlet baýramçylyklaryna gabat getirilýär.

Geçen ýyl garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany, Türkmenistanda 812 bendiniň günäsi geçildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG