Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada agyr çaknyşyklar dowam edýär

Ukrain harbylary
Ukrain harbylary

27-nji sentýabrda Ukrainanyň gündogarynda we demirgazyk-gündogardaky Harkiw regionynda ukrain we rus güýçleriniň arasynda agyr çaknyşyklar alnyp barylýar. Bu aralykda, Moskwa rus prezidenti Wladimr Putin tarapyndan geçen hepdede yglan edilen çäkli harby mobilizasiýa garşy çykýanlary basyp ýatyrýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski gündogardaky Donetsk regionynyň Ukraina degişlidigini we bu sebitde söweş hereketleriniň dowam etdirilýändigini aýtdy, şeýle-de rus güýçleriniň ýurduň günorta we günbatar ugurlary boýunça ilerlemäge synanyşýandygyny sözüne goşdy.

Zelenski 26-njy sentýabrda giçlik eden ýüzlenmesinde Donetsk regionyndaky harby ýagdaýy “has agyr” diýip häsiýetlendirdi.

“Biz duşmanyň hereketiniň öňüni almak üçin bar tagallany edýäris. Bu häzir biziň ilkinji nobatdaky borjumyz. Sebäbi Donbas basybalyjylar üçin henizem birinji derejeli maksat” diýip, Zelenski belledi.

Bu aralykda, regional resmiler soňky günlerde Russiýanyň eýran dronlary arkaly Odesa regionyna azyndan bäş zarba urandygyny habar berýärler.

Dnipropetrowsk regionynyň häkimi Walentyn Rezniçenkonyň maglumatyna görä, Russiýa Ukrainanyň merkezindäki Kriwiý Rih sebitiniň aeroportuna raketa hüjümini amala aşyryp, ony ulanmaz hala getiripdir.

Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw regionynda hem çaknyşyklaryň dowam edýändigi bellenilýär. Ukrain güýçleri şu aý bu sebitde garşylyklaýyn hüjüme geçdiler.

XS
SM
MD
LG