Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna gaýtadan ser aýalaýar.

Geçen hepde Türkmenistanyň awtoritar hökümetiniň ýol berýän ‘hukuk depelemelerini’, korrupsiýa hadysalaryny we ‘eden-etdiliklerini’ açyp görkezýän wakalara baý boldy.

Hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetler tarapyndan günäsi geçilen ýöne, hakykat ýüzünde welin, para bilen öz erkinliklerini satyn alyp, türmeden boşandyklaryny aýdýan birnäçe öňki tussagyň hossarlary bilen geçiren söhbetdeşlikleri barada habar berdi.

Hepdäniň ortasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň adam ölçegleri boýunça ýygnagyna gatnaşmak üçin Warşawa gelen türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen Ýewropadaky türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dartgynly ýagdaýlar ýüze çykdy.

Hepde ortadan aganda Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň orta mekdeplerde geçirýän “ahlak wagyzlary” barada habar berdiler

Mundan başga-da, öz ilatynyň Internet elýeterliligini berk çäklendirmek tagallalary bilen ‘at gazanan’ türkmen hökümeti, görnüşinden, ‘kiberhowpsuzlyk bahanasy’ bilen bir daşary ýurt tehnologiýa kompaniýasyndan ýörite enjamlary satyn alýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna gaýtadan ser aýalaýar.

Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG