Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Erdogan Putin bilen Ukrainadaky parahatçylygy maslahatlaşmady  

Arhiw suraty
Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen 13-nji oktýabrda Gazagystanda geçiren ikitaraplaýyn duşuşygynda Ukraina urşuny togtatmagy maslahatlaşmady dirip, Kreml aýtdy.

Duşuşykdan öň Erdogan paýtagt Astanada geçirilen sebit sammitinde eden çykyşynda bu konfliktde araçy bolmaga taýýardygyny, diplomatiýanyň gan dökülmegini bes etjek "adalatly parahatçylyk" üçin mümkinçilik döredip biljekdigini aýtdy.

Moskwa bir gün öň Erdoganyň Putin bilen Gazagystanda boljak duşuşygynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşiklere araçylyk etmegi resmi taýdan teklip etmegine garaşýardy.

Türkiýäniň Ukrainada parahatçylyk gazanylmagy baradaky pikirleri orta atmagy ähtimal we Erdogan Putin bilen gepleşik wagtynda resmi taýdan bir zatlary teklip etse gerek diýip, kreml resmisi Ýuriý Uşakow 12-nji oktýabrda Moskwada žurnalistlere aýtdy.

Eger-de haýsydyr bir gepleşik geçirilse, Stambulda ýa-da Ankarada bolar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Putin bilen hiç hili gepleşik geçirmejekdigini aýtdy. Zelenskiniň eýeleýän pozisiýasy barada soralanda, Uşakow: "Men oňa hiç haçan hiç wagt diýme diýerdim" diýdi.

NATO agzasy bolan Türkiýe, Moskwa 24-nji fewralda öz goňşusynyň üstüne çozaly bäri, özüni Ukraina bilen Russiýanyň arasynda araçy hökmünde görkezdi.

Ankara Moskwany tankytlady, ýöne Günbataryň Russiýa garşy girizen ykdysady we maliýe sanksiýalaryna goşulmakdan saklandy.

Erdogan Putin bilen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskini gepleşik stolunyň başyna getirip biljekdigine umyt baglaýandygyny açyk aýtdy.

XS
SM
MD
LG