Moskwa bilen Kiýew 13-nji oktýabrda, şu hepdäniň dowamynda ikinji ýesir alyş-çalşygyny geçirip, 20 esgeri alşandygyny aýtdy.
Prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak teleggramda: "Tussaglaryň ýene-de bir alyş-çalşygy, ýene bir şatlyk pursady" diýip ýazdy.
Ýesirlikden boşadylan 20 esgeriň 14-si ukrain goşunynyň agzalary, dördüsi territorial goragyň agzasy, galan ikisi milli gwardiýanyň we deňiz güýçleriniň agzalary diýip, Ýermak aýtdy.
Ýermak boşadylan tussaglaryň käbiriniň öz harby eşiklerinde awtobusda oturandygyny görkezýän wideo ýerleşdirdi.
Şeýle-de ol, erkekleriň iki sany suratyny çap edip, olaryň lukmançylyk barlaglaryndan geçýändigini aýtdy. Russiýanyň Goranmak ministrligi telegramda "Kiýewiň gözegçiligindäki ukrain çäginden ýigrimi rus esgeriniň gaýdyp gelendigini" we olaryň zerur bolan lukmançylyk we psihologiki kömekleri alýandygyny aýtdy.
Russiýa bilen Ukraina soňky gezek 11-nji oktýabrda ýesir çalyşdy. Kiýew şonda 32 esgeriniň boşadylandygyny we Ukraina üçin söweşen bir ysraýylynyň jesediniň yzyna gaýtarylandygyny aýtdy.