Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hersonda rus goşuny ýerli teatryň direktoryny öz öýünde atyp öldürdi

Ýuri Kerpatenko
Ýuri Kerpatenko

Ukrainanyň Medeniýet ministrligi Hersonyň Kuliş adyndaky aýdym-saz we drama teatrynyň baş direktory Ýuri Kerpatenkonyň ölümi baradaky maglumatlary tassyk etdi.

Ministrlik direktoryň öz öýünde, "basybalyjylar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwreninden" soň, rus goşuny tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdýar.

Dirižýoryň ölümi barada ilkinji bolup žurnalist Ýelena Wanina 13-nji oktýabrda, Facebookda habar berdi.

“Şu gün Herson filarmoniýasynyň dirižýorynyň basybalyjylar tarapyndan atylandygy mälim boldy. Ol olar bilen işlemekden ýüz öwürdi we olar oňa "biz seniň ýanyňa ýene-de geleris" diýdiler.

“Olar öýüne gelip, ony şol ýerde atdylar” diýip, žurnalist aýtdy we has giňişleýin maglumat almagyň kyndygyny, sebäbi Hersonda hemmeleriň gorky astyndadygyny, ýöne öz maglumatynyň 100% dogrudygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de ol bu habary bütin Ukrainanyň bilmegini isländigini, sebäbi atylyp öldürilen drižýoryň örän zehinli dirižýor, hususan-da aranžirowşik bolandygyny aýtdy.

Ýuri Kerpatenko 2000-nji ýyldan bäri Herson sebit filarmoniýasynda işleýärdi we 2004-nji ýylda Mikola Kuliş adyndaky aýdym-saz teatrynyň baş direktory boldy.

“Interfaks-Ukraina” habar gullugynyň habaryna görä, ol “Hileýa” kamera orkestriniň hem baş direktorydy. Ol raýatlyk pozisiýasyny aç-açan görkezdi we basyp alnan Hersony terk etmekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG