ABŞ-nyň Wekiller öýüniň progressiw toparynyň 30 agzasy prezident Jo Baýdeni Ukrainadaky urşy soňlamak meselesinde gepleşikler arkaly ylalaşyk gazanylmagy üçin, "göni diplomatiýa" bilen meşgullanmaga çagyrdy.
24-nji oktýabrda urşuň soňlanmagy üçin gepleşik geçirilmegi baradaky hata gol çeken 30 kanun çykaryjy Baýdeniň Demokratik partiýasynyň agzalary bolup, olar özleriniň Russiýanyň Ukraina "akyla sygmaz we bikanun" ýagdaýda çozmagy hem-de ukrain territoriýalaryny ýene we ýene bikanun anneksiýa etmek karary netijesinde dörän kynçylyklar babatynda hiç hili hyýalbentligiň astynda däldigini aýdylar.
"Emma muňa garamazdan, eger-de azat we garaşsyz Ukrainany gorap saklamak bilen birlikde urşy togtatmagyň bir çäresi bar bolsa, Ukrainanyň halky üçin kabul edilip bilinjek çözgüdi goldamak üçin, islendik ýagdaýdaky diplomatik ýoly gözlemek Amerikanyň jogapkärçiligi bolup durýar” diýip, hatda aýdylýar.
Şeýle-de hatda Baýdeniň "Birleşen Ştatlaryň Ukraina beren harby we ykdysady goldawyny işjeň diplomatiýa goldawy bilen birleşdirmegine" çagyryş edilýär, bu atyşygyň bes edilmegi üçin hakyky binýady gözlemek tagallalaryny iki esse artdyrar diýilýär.