Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda koronawirus alamatlary bilen keselleýän raýatlar köpelýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatyň arasynda koronawirus alamatlary bilen keselleýän raýatlar köpelýär. Ýerli lukmanlar bu näsaglarda Covid-19 testiniň geçirilmeýändigini, ýöne keselçiligiň alamatlaryndan olaryň koronawirus bilen keselleýändigini aýdyp bolýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan maglumat berdi.

Balkanly lukmanlaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenbaşynyň köpugurly hassahanasynda we ýokanç keselleri hassahanasynda boş ýer ýok. Keselhanalaryň näsaglardan dolandygy sebäpli olarda diňe agyr syrkawlaryň saglyk bejergisini almagyna rugsat berilýär.

"Şu günler Türkmenbaşyda adamlaryň arasynda bedeniniň temperaturasy aşa ýokarlanyp, hassahanalara ýüzlenýänler köpeldi. Aýakda gelen näsaglara derman ýazyp berip, öýlerinde bejergi almagy maslahat berýäris. Bu keselçilik bilen syrkawlan näsaglaryň beden temperaturalary 40 gradusa çenli ýokarlanýar, näsaglaryň burny ganaýar. Olarda içgeçme hem köp bolýar. Keselçiligiň alamatlaryndan näsaglaryň koronawirus dümewi bilen keselleýändigini aýdyp bolýar" diýip, türkmenbaşyly lukman anonimlik şertinde aýtdy.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, megerem, şu günler şäher ilatynyň ep-esli bölegi koronawirus dümewi bilen keselleýär. Şäheriň tiz kömek gullugy ilatyň talabyny ödäp ýetişmeýär.

"Köp näsag hassahananyň koridorlarynda ýatyp bejergi alýar. Soňky bir hepde bäri şäher hassahanalarynyň lukmanlary operatiw režimde işleýärler. Agyr hassalar öýkeni emeli taýdan howalandyrýan enjamlara birikdirilýärler. Hassahanalaryň reanimasiýa bölümleri hem näsaglardan doly" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly başga bir lukman aýtdy.

Şeýle-de lukmanlar häzirki keselçiligiň adamlarda, hususan-da hroniki keseli bolan we ýaşy uly raýatlarda juda agyr geçýändigini aýdyp, bu keselden soňky bäş günüň dowamynda sekiz adamyň ölendigini hem aýtdylar.

"Bu näsaglar köp ýyllardan bäri diabet, demgysma, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýärdiler" diýip, balkanly lukman sözüne goşdy.

Azatlykda bu raýatlaryň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini aýan edip biljek maglumatlar bolsa-da, olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenbaşynyň köpugurly we ýokanç keselleri hassahanalaryndan hem-de şäheriň saglygy goraýyş müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenbaşyda koronawirus alamatlary bilen keselleýän raýatlaryň köpelýändigi baradaky habarlar, türkmen häkimiýetleriniň halkara uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeldip başlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-nji ýylyň martynda togtadyp, olary iki ýyldan gowrak wagt soň, ýagny şu ýylyň maýyndan bäri bölekleýin dikeldip başlady. Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlary has-da köpeldi.

Şol uçar gatnawlarynyň belli bir bölegi paýtagt Aşgabatdan we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden, galan bölegi Türkmenbaşynyň halkara aeroportundan amala aşyrylýar. Bu uçar gatnawlarynda her hepde müňlerçe ýolagçy ýurda dolanýar.

Şu aýyň başynda Azatlygyň Türkmenbaşydaky çeşmesi 5-nji oktýabrdan başlap daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän türkmen raýatlary üçin ozalky üç günlük karantin düzgüniniň ýatyrylandygyny, emma munuň daşary ýurtly ýolagçylar üçin henizem saklanyp galýandygyny habar beripdi.

"Howa ýollarynyň açylmagy we daşary ýurtlardan ýolagçylaryň gelip başlamagy bilen, koronawirusyň ýene ýaýrap başlajagy ikuçsyzdy. Galyberse-de, güýz pasly dümewiň islendik görnüşiniň iň köp ýaýraýan döwri hasaplanýar" diýip, balkanly lukman sözüni jemledi.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýarlar. Ýöne Azatlygyň habarçylary, türkmenistanlylar we garaşsyz neşirler ýurtda bu kesele müňlerçe adamyň ýolugandygyny we ýölendigini habar berdiler.

ABŞ-da ýerleşýän Johns Hopkins merkeziniň 31-nji oktýabrda çap eden maglumatlaryna görä, koronawirus ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabrynda Hytaýda ýüze çykarylanyndan bäri dünýä boýunça bu wirus sebäpli ölenleriň resmi sany 6,5 milliondan aşdy. Şeýle-de, 630 milliondan gowrak adamyň wirusa ýolugandygy hasaba alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG