Russiýanyň Ukrainanyň energiýa desgalaryna, şol sanda gidroelektrik stansiýalaryna uran we elektrik togunyň, jübi telefon aragatnaşygynyň kesilmegine, suw üpjünçiliginiň azalmagyna sebäp bolan raketa zarbalaryndan bir gün soň, Kiýewiň häkimi tok we suw üpjünçiliginiň dikeldilendigini aýtdy.
"Kiýewiň ýaşaýjylarynyň öýlerindäki suw üpjünçiligi doly dikeldildi. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň suw we elektrik üpjünçiligini dikeltmek üçin tutuş gün töweregi işlän adamlara, Kiýewodokanal we DTEK hünärmenlerine uly sagbolsun aýdýaryn" diýip, Witali Kliçko 1-nji noýabr güni irden telegramda ýazdy.
Kliçko ukrain paýtagtyndaky elektrik üpjünçiliginiň hem dikeldilendigini, emma Russiýanyň eden dowamly hüjümlerinden soň elektrik ulgamlaryna uly zyýan ýetendigini, şu sebäpden elektrik togunyň kesilmeginiň, çyralaryň öçmeginiň gutulgysyzdygyny aýtdy.
Russiýa 31-nji oktýabrda Ukrainanyň birnäçe şäherine, şol sanda ýurduň paýtagty Kiýewe hem raketa atdy.
Kreml ýurduň ilatynyň garşylyk görkezmek meýillerini peseltmek umydy bilen, Ukrainanyň möhüm infrastruktura desgalaryna yzygiderli hüjüm edýär.
Russiýa Donetsk sebitinde 50-den gowrak ilatly ýere zarba urdy diýip, Ukrainanyň baş ştaby 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.