Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esger: Wagtynda öýe dolanmak üçin ýa para bermeli, ýa-da ofiseriň öýüni abatlamaly


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlary goşuna almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýärkä, ene-atalar harby gullukda para möwsüminiň möwjeýändigini aýdýarlar. Olar çagyryş boýunça harby gullugy geçen ogullaryny gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine getirmek üçin para bermeli bolýandyklaryny habar berýärler. Bu barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde gulluk edýän oglum şu aý harby gullukdan boşap, öýe gelmelidi. Ýöne düýn oglum jaň edip, "Men çilim çekip durkam ofiserime tutulandygym sebäpli, ol meni giç - dekabryň ahyrynda ýa-da ýanwaryň başynda - gullukdan boşatjakdygyny aýdýar. Ol öz wagtynda gullukdan boşamak üçin 1000 manat para soraýar. Kaka gullukdan wagtynda boşamak üçin maňa ýene siziň kömegiňiz gerek' diýdi" diýip, efirde adynyň Merdan aga diýlip tutulmagyny soran maryly bir kaka aýtdy.

Bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak möwsümi we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýär. Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky permana 17-nji sentýabrda gol goýdy.

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2022-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda ýurduň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly diýip, permanda aýdylýar.

Habarçymyz şu günler esger ogullarynyň harby gullukdan boşap gelmegine taýýarlyk görýän ene-atalaryň ençemesine Merdan agaňka meňzeş telefon jaňlarynyň gelip gowşandygyny belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ene-atalara esger ogullarynyň käbiri harby gullugynyň möhleti gutaran wagtynda öýlerine dolanmak üçin özlerinden para soralýandygyny, käbiri bolsa gurluşyk işlerini ýerine ýetirmäge borçly edilýändigini aýdýarlar.

"Kaka, wagtynda öýe barmak üçin ýa para bermeli ýa-da ýedi esger bolup, ofiserimiziň öýüni remont edip bermeli. Şony etsek wagtynda öýe goýberjekdigini aýdýar. Ýöne beýleki esgerleriň içinde eýýäm öýlerine jaň edip, pul okladanlar bar" diýip, maryly kaka oglunyň sözlerini sitirledi.

Ol harby bölüm serkerdeleriniň özlerini harby gullukçylary girewine alan ýaly alyp barýandyklaryny aýdyp, ykdysady kynçylyklar we işsizlik sebäpli gurpdan düşen köp hojalyk üçin 1000 manadyň ummasyz puldygyny hem belleýär.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Harby gulluk geçen esgerleriň gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine dolanmak üçin para bermäge mejbur edilýändikleri barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

2020-nji ýylyň güýzünde Azatlygyň habarçylary goşun gullugyny gutaryp gelen birnäçe esgere salgylanyp, harby bölümlerdäki komandirleriň esgerleri wagtynda öýlerine goýbermek üçin para alandyklaryny habar berdiler. Habarçylar şonda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň we Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň harby bölümlerinde gulluk eden birnäçe ýigit bilen söhbetdeş bolup, soralýan paranyň mukdarynyň 1000-den 3000 manada çenli ýetýändigini aýdypdylar.

Mundan başga-da, habarçylarymyz Türkmenistanyň harby bölümlerinde gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň pesdigini, heniz hem dowam edýän “dedowşinanyň” (agalyk) esger durmuşyna ýaramaz täsir edýändigini hem yzygiderli habar berýärler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurduň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygy tekrarlanyp, ýokardaky ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG