Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen, gazak we rus kompaniýalary demirýol hyzmatdaşlygyny ösdürer

Arhiw suraty.
Arhiw suraty.

“Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň esasy ulag kompaniýalarynyň bilelikdäki demirýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdendiklerini habar berýär.

“Resminama üç taraplaýyn we üstaşyr gatnawda harytlaryň yzygiderli daşalmagyny, halkara import we eksport ýük gatnawynyň mukdaryny artdyrmagy, Demirgazyk-Günorta demirýol geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem ulag we logistika infrastrukturasyny bilelikde peýdalanmagy göz öňünde tutýar” diýip, hökümetçi neşir “KTZ Express” kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Ylalaşyga görä, taraplar ýurtlaryň arasynda täze we yzygiderli otly gatnawyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň üstünden geçýän we Gazagystan bilen Eýrany birikdirýän demirýol taslamasynyň 85 kilometri Eýranyň, 700 kilometri Türkmenistanyň, 140 kilometr töweregi-de Gazagystanyň çäginden geçýär. Bu we beýleki demirýol taslamalary barada resmi habar berlende, häkimiýetler uly-uly sanlary getirdiler, emma ol ýollaryň soň nähili peýda getirendigi aýdylmady.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda soňky onýyllyklarda gurlan demirýol şahalarynyň adatça taslama kuwwatynda ulanylmaýan gymmatbaha desgalaryň diňe biri bolandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG