Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz, özbek ministrleri dawaly howdany bilelikde dolandyrmak ylalaşygyna geldi

Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow gyrgyz kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen
Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow gyrgyz kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen

Özbegistanyň daşary işler ministri Wladimir Norow gyrgyz kärdeşi Jeenbek Kulubaýew bilen serhet çäklerini kesgitlemek boýunça birnäçe resminama, şol sanda iki ýurduň arasynda ynjyk mesele bolup durýan Kempir-Abad suw howdanyny bilelikde dolandyrmak baradaky şertnama gol çekdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi resminamalara 3-nji noýabrda, Bişkekde gol çekilendigini aýtdy.

Kempir-Abad suw howdany baradaky şertnama laýyklykda, Gyrgyzystan başga bir ýerden 19,000 gektardan gowrak ýer almagyň deregine, 4,485 gektar meýdany Özbegistana tabşyrar.

Bu ylalaşyk, suw howdanynyň töweregindäki şertnamanyň halk bilen aç-açan ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny öňe sürýän köp syýasatçy, aktiwistler we käbir kanun çykaryjylar tarapyndan sorag astyna alyndy.

XS
SM
MD
LG