Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Boluň, pagta ýygyň! Çalt boluň!”: Lebapda mejbury pagta ýygymy


Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edilýär.
Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edilýär.

9-njy noýabrda Lebapda adatdakylardan hem has giň gerimli mejbury pagta ýygymy geçirildi. Sebite ýagan ýagyşlardan soň duýdansyz gurnalan bu mejbura çärä gatnaşdyrylanlaryň arasynda, iki ýyl töweregi pagta çekilmedik, medisina işgärleri hem bardy.

“Bu duýdansyz pagta ýygymy köpleri haýrana galdyrdy. Sebäbi soňky ýyllarda, güýzüň bu wagtlarynda, býujetçiler häzirki derejede köpçülikleýin meýdana ugradylmandy. Üstesine-de, öňküler ýaly öz ornuňa başga birini hakyna tutup ugratmaga mümkinçilik berilmedi” diýip, türkmenabatly bilim işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, 9-njy noýabrda irden mugallymlara sapaklaryny 11:00-e çenli okadyp, soňy bilen-de, 11:30-da işe gelen lybaslarynda göni pagta meýdanlaryna gitmelidigi tabşyrylypdyr.

“Pagta meýdanyna biz ýaly başga-da ýüzlerçe, belki-de müňlerçe döwlet işgäri getirilipdir. Bu ýerde ýyladyş, energetika, şäher ýagtylyk, telefon gulluklary ýaly döwlet edaralary bilen birlikde, adatça pagta ugradylmaýan, saglyk işgärlerini, çagalar baglaryndaky enekeleri hem görmek bolýardy” diýip, anonim maglumat beren söhbetdeşimiz nygtady.

Ol ikindin sagat 6-larda özlerine meýdandan gitmäge rugsat berlendigini, şol bir wagtda iş lybaslarynyň, aýakgaplarynyň zaýalanandygyny hem sözüne goşdy.

Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbe güni bellenilýän Hasyl toýunyň öňýany geçirilen bu mejbury pagta ýygymynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Lebabyň we welaýatyň degişli etraplarynyň häkimlikleri Azatlygyň bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýdular.

Emma bu mejburylyk, goňşy Mary welaýatynda ýagyşlaryň netijesinde pagtanyň çyg almagy sebäpli, potratçylar we hakyna tutulan işgärleriň arasynda dörän dawanyň yzýanyna gabat gelýär.

Şol bir wagtda, Lebabyň häkimiýetleriniň hem ýagynyň yzýany hakyna tutulan işgärler bilen döräp biljek meselelerden howatyr edip, býujetçileri adatdakysyndan has köp sanda pagta meýdanyna ugradandygyny resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmenistan bulara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Bu ýyl Türkmenistanda 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG