Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ harbylary Eýranyň Ýemene iberen “Türkmenistanda öndürilen” himiki serişdelerini saklady


ABŞ-nyň deňiz güýçleri Eýrandan Ýemene barýan gämide gözleg geçirýärler.

Eýranyň, Türkmenistanda öndürilen bolmagy mümkin, partladyjylary ýasamakda ulanylýan himiki serişdeleri bikanun ýagdaýda Ýemene daşan gämisi saklandy.

8-nji noýabrda ABŞ-nyň harby deňiz güýçleri Oman aýlygynda Eýrandan Ýemene barýan bir balyk gämisini saklap, onda bikanun ýagdaýda daşalan 100 tonnadan hem aşa karbamid dökünlerini, şeýle-de 70 tonna golaý ammoniý perhloratyny ele saldy. Gämi Ýemendäki huthi jeňçileri üçin ýaraglary daşamakda ulanylýan ugur boýunça hereket edýärdi.

ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň 15-nji noýabrdaky beýanatynda raketa ýangyjyny we partladyjylary ýasamakda ulanylýan ele salnan himiki serişdeleriň gelip çykyşy barada Türkmenistan agzalmasa-da, garaşsyz turkmen.news neşiri çap edilen suratlarda karbamidli onlarça haltanyň ýüzünde “Made in Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanda öndürilen” ýazgysynyň bardygyna ünsi çekdi.

Ele salnan serişdeleriň haltalarynyň ýüzünde "Türkmenistanda öndürilen" ýazgylaryny görse bolýar
Ele salnan serişdeleriň haltalarynyň ýüzünde "Türkmenistanda öndürilen" ýazgylaryny görse bolýar

Azodyň amid formaly döküni, ýagny karbamid himiki serişdesi oba-hojalyk senagatynda ulanylýar. Şol bir wagtda, onuň partladyjy serişdeleriň prekursory hökmünde hem peýdalanýan ýagdaýlary bar diýip, ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň beýanatynda bellenilýär.

Eýranyň Ýemendäki, 2004-nji ýylda ýurduň häkimiýetine garşy gozgalaň başladan we ýurduň belli bir bölegini öz gözegçiligine geçiren, huthi jeňçilerini gizlin ýagdaýda goldaýandygy barada öňden bäri aladalar bildirilýär. Jeňçiler 2015-nji ýylda Ýemeniň paýtagtyny hem basyp aldylar. Olaryň häkimiýeti halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedi.

“Eýrandan ölüm howply hemaýatyň bikanun ýagdaýda iberilmegi ünsden düşürilmez. Bu jogapkärsizlikli, howply we Ýakyn Gündogarda gazaplylyga we durnuksyzlyga getirýär” diýip, beýanatda nygtalýar

Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň beýanatynda Türkmenistan agzalmaýar, şeýle-de munuň bilen baglylykda Türkmenistan üçin nähilidir bir netijeleriniň boljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Bu aralykda, turkmen.news neşiri özüniň synçysyna salgylanyp, Türkmenistanyň karbamidi Eýrana nagt pula satan bolmagynyň mümkindigini, sebäbi Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalaryň netijesinde, onuň bilen bank operasiýalarynyň mümkin däldigini belleýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu hadysa häzirlikçe hiç hili reaksiýa bildirmediler, Daşary işler ministrligi hem Azatlygyň munuň bilen baglylykdaky soraglaryny jogapsyz goýdy.

Garaşsyz neşirler Türkmenistanda karbamid dökünleriniň eksporty bilen, esasan, prezident Serdar Berdimuhamedowyň doganoglany Hajymyrat Rejebowa degişli “Caran Holdings” we “Ak Hazyna” kompaniýalarynyň meşgullanýandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG