Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Altyn Asyryň" hyzmatlarynyň hili barha ýaramazlaşýar


Turkmenistan – The building of TurkmenTelekom behind a billboard advertisement for TMCELL, Ashgabat, 10Feb2011
Turkmenistan – The building of TurkmenTelekom behind a billboard advertisement for TMCELL, Ashgabat, 10Feb2011

Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň hili pes bolmagynda galýar. Balkan we Ahal welaýatlarynyň köp etraplarynda ulgam arkaly iberilýän SMS hatlary giç gidýär, telefon jaňlarynyň hili we Internetiň tizligi barha ýaramazlaşýar.

"Irden 10-da iberilen SMS hatlary gije sagat 3 töwereginde barýar. Adamlar gijäň ýary gelýän SMS hatlaryndan dowla düşýärler. Telefonda gürleşip durkaň, birden ses kesilýär ýa-da başga adamlaryň söhbetleri eşidilýär" diýip, tejenli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi "Altyn Asyryň" hödürleýän Interneti arkaly VPN ulgamlaryndan peýdalanyp bolmaýandygyny hem aýdýar.

"IMO messenjeri hem tas işlemeýär. Playmarket-den 20 MB göwrümli islendik programmany aljak bolsaň, 35 minuda kynlyk bilen ýüklenýär" diýip, ýaşaýjy sözüne goşdy.

Ýerli ulanyjylar öňden bäri “Altyn Asyryň" hyzmatlarynyň pes hilinden şikaýat edip gelýärler. Ýöne şeýle şikaýatlar soňky aýlarda has-da ýygjamlaşdy.

“TMCell” söwda nyşanly kärhana hyzmatlaryň hiliniň ýaramazlaşmagy we onuň sebäpleri barada resmi maglumat ýa düşündiriş bermeýär.

Ýöne "Altyn Asyryň" Aşgabatdaky edarasynyň bir hünärmeni anonimlik şertinde beren maglumatynda hyzmatlaryň hiliniň peselmeginiň azyndan iki sebäbiniň bardygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, munuň birinji sebäbi kärhananyň tehniki enjamlarynyň könelişendigi bilen baglanyşykly. Ol ikinji sebäbi öýjükli aragatnaşyk ulgamyna müşderileriň söhbetdeşliklerini diňlemek we yzarlamak üçin Milli howpsuzlyk ministrliginiň "bir giden gözegçilik enjamynyň birikdirilendigi" bilen düşündirdi.

"Bu enjamlar öýjükli aragatnaşyk ulgamyna goşmaça agram salýar. Tas ähli jaňlar, IMO we Internetden alnan maglumatlar ýörite gulluklaryň enjamlarynda elekden geçirilýär. Olaryň enjamlary hatda 500 abonentli obalardaky 'Altyn Asyr' ulgamyny paýlaýjy nokatlarda hem ýerleşdirilendir" diýip, hünärmen aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada “Altyn Asyr” kärhanasyndan we MHM-den kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini ýyllarboýy çäklendirip gelýän türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň aragatnaşyklaryny yzarlamaga aýratyn güýç berýän çylşyrymly gözegçilik enjamlaryny satyn alandygy barada mundan öň ençeme maglumat peýda bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň öýjükli aragatnaşyk ulgamy bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgamaýarlar.

Bu aralykda, döwlet metbugaty 10-13-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen “Türkmentel – 2022” halkara aragatnaşyk sergisi barada habar berip, ýurduň aragatnaşyk pudagynyň ösdürilýändigini aýdýar.

2004-nji ýylda esaslandyrylan "Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýedir. Kompaniýa şondan ozalky ýyllarda "MTS - Türkmenistan" mobil operatory bilen bäsleşýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG