Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda VPN-e garşy göreş güýçlendi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde VPN ulgamlaryndan peýdalanýan raýatlara gözegçilik güýçlendi. Şu günler şäheriň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri VPN ulgamlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň öýlerine we iş ýerlerine reýdleri geçirýärler. Munuň bilen bir wagtda, býujet işgärleri VPN ulgamlaryndan peýdalanmajakdyklary barada dilhaty ýazmaga mejbur edilýärler.

"Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we polisiýanyň jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri her gün 3 GB-den köp Internet ulanan raýatlaryň öýlerine ýa iş ýerlerine aýlanýarlar. Olar bu raýatlaryň mobil telefonlaryny we planşetlerini barlaýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda, şol sanda Balkanda öý Internet hyzmatlary “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň “Balkantelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasy we mobil Internet hyzmatlary “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilata hödürlenýär.

Çeşmämiziň sözüne görä, kanun goraýjylar "Balkantelekomyň" we "Altyn Asyryň" Interneti arkaly haýsy enjamda Internetden aşa köp peýdalanylandygyny anyklaýarlar. Olar şol enjamy, onuň modelini aýdyp, ýaşaýjylardan ony bermegi soraýarlar.

"Enjamyň içindäki ähli maglumatlar öwrenilýär. Hatda enjamda öçürilen maglumatlar bolsa, kanun goraýjylar olary ýörite tilsimler bilen täzeden dikeldýärler. Eger maglumatlar türkmen syýasatyna gabat gelmeýän bolsa, onda olar raýata toslama günä ýöňkäp, onuň türme tussaglygyna höküm ediljekdigi barada haýbat atýarlar. Bu ýagdaýda aman galmak üçin ýa para bermeli, ýa-da ýokarda tanyş tapmaly" diýip, çeşmämiz belledi.

Onuň aýtmagyna görä, tölegli VPN ulgamlaryndan peýdalanan ýaşaýjylardan ony kimden satyn alandygy soralýar. Birinji gezek saklanan raýatlar bir günüň dowamynda sorag edilip, duýduryş berlip goýberilýär.

"Ikinji ýa üçünji gezek saklanan adamlar VPN-i kimden satyn alandygyny aýtmasa, 10 gün tussaglykda saklanýarlar. Eger ol adam 10 günüň dowamynda VPN-i kimden satyn alandygyny aýtmasa, onda onuň tussaglyk möhleti 15 güne uzaldylýar" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Habarçymyz býujet işgärleriniň öz maşgalasynda VPN ulgamyndan peýdalanmajakdyklary barada dilhaty ýazmaga mejbur edilýändigini hem habar berýär.

"Şenbe güni polisiýa şäheriň bank we maliýe pudagynyň, käbir mekdepleriň we beýleki edara-kärhanalaryň işgärlerinden dilhaty aldy. Bu dilhatyda türkmen Internetinde ähli hyzmatlaryň bardygy, ony böwsüp geçýän VPN ulgamlaryny ulanmaga zerurlygyň ýokdugy we raýatyň YouTube, TikTok saýtlaryna we porno maglumatlaryny görkezýän platformalara girmejekdigi aýdylýar" diýip, dilhaty bilen tanyş bolan býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözüne görä, dilhatyda raýatlaryň ýurduň Medeniýet ministrligi tarapyndan tassyklanan, "türkmençilige gabat gelýän" ähli daşary ýurt filmlerini türkmen saýtlarynda tomaşa edip bilýändigi hem aýdylýar.

"Býujet işgäri dilhatyda türkmen saýtlary tarapyndan hödürlenýän filmlere tomaşa etjekdigine, eger VPN ulgamlaryndan peýdalansa, onda işleýän edarasyndan öz islegi bilen işden çykjakdygyna hem wada berýär" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada şäher häkimligi we Polisiýa müdirligi, MHM-niň welaýatdaky bölümi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçymyz häkimiýetleriň soňky bir hepde bäri alyp barýan bu çäreleriniň çäginde şäherde öňden bäri işläp gelýän tölegli VPN ulgamlarynyň aglabasynyň petiklenendigini hem aýtdy.

Dünýäde iň haýal we iň gymmat Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistanda häkimiýetler ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini ýyllarboýy çäklendirip gelýär. Ýurtda iri sosial torlar, messenjerler we garaşsyz habar websaýtlary petikli bolmagynda galýar.

Interneti berk döwlet gözegçilikde saklaýan türkmen hökümeti VPN ulgamlaryny petikläp, VPN hyzmatlaryny ulanyjylary hem-de guraýjylary yzarlaýar, şeýle-de öň hem pes bolan Internetiň tizligini has-da peseldýär.

Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG